Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanatda rus goşunynyň düýn gije Ukrainanyň port infrastrukturasyna we Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň bähbitleri üçin ulanylýan gämilere garşy uçarmansyz howa ulagy ulanyp hüjümlerini dowam etdirendigi aýdylýar.
Beýanatda: "Odessa portuna harby ýükleri daşaýan ýük gämisi nyşana alnyp hüjüm guraldy" diýip malim edildi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Ministrlik başga bir beýanatynda düýn ýerli wagt bilen agşam sagat 20:00-dan şu gün irden sagat 08:00-a çenli Russiýanyň howa goranyş ulgamlarynyň dürli sebitlerde, esasan Moskwada we onuň töwereginde Ukraina degişli 560 uçarmansyz howa ulagyny ýok edendigi barada maglumat paýlaşdy.




















