SYÝASAT
1 minut okamak
“Şugün kabul edilen kararlar strategik deňagramlylygy kesgitlär”
Abbas Arakçi Hytaýa guran saparyndan soň beren beýannamasynda, bu kararlaryň diýseň möhümdigini ýatlatdy.
“Şugün kabul edilen kararlar strategik deňagramlylygy kesgitlär”
“Şugün kabul edilen kararlar strategik deňagramlylygy kesgitlär”

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, Hytaý bilen geçirlen gepleşikleriň netjelidigini nygtady we Tähranyň Hytaýyň hökümeti bilen edýän strategik hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Abbas Arakçi X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Hytaýa guran sapary hakynda maglumat berdi.

Saparynyň netijeli geçendigini ýatladan Arakçi, Eýranyň Hytaý bilen edýän strategik hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Arakçi “Şu gün kabul edilen karar sebitiň strategik deňagramlylygyny kesgitlär” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Arakçi, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Sizinpiniň parahatçylyk üçin kesgitlän 4 ýörelgesiniň diýseň möhümdigini ýatlatdy.

Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Sizinpiniň Ýakyn Gündogar we Aýlag sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin kesgitlän 4 ýörelgesi: milli özygtyýarlykdan, halkara hukugynyň üstünliginden, howpsuzlyk we galkynyş deňagramlylygyndan we asuda ýagdaýda birlikde ýaşamakdan ybarat.