Ukraina Russiýanyň nebit ammaryna dron hüjümini gurady
Ukraina degişli uçarmansyz howa ulaglary Russiýada energetika desgalaryny nyşana aldy.
Resmiler duşenbe güni Russiýanyň günortasynda ýerleşýän nebit ammaryna dron hüjüminiň guralandygyny habar berdi.
Hüjümden soň Krasnodar sebitinde ýerleşýän Labinskdäki ammaryň ýanandygy nygtaldy.
Wakada adam pidasynyň çekilmändigi we ýangyn söndüriş işleriniň dowam edýändigi bellenildi.
Russiýanyň energetika we harby infrastrukturasy Ukraina degişli uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan birnäçe gezek nyşana alyndy.
Geçen hepde Tihoretskiň golaýyndaky nebit desgasyna, nebiti gaýtadan işleýän Afipsky desgasyna we Kawkaz portynyň golaýyndaky desgalara hüjüm guralypdy.
Beýleki tarapdan Russiýa, Ukrainanyň hepdäniň ahyrynda Moskwa garşy uly göwrümli dron hüjümlerinden birini başladandygyny mälim etdi.
Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin, howa goranyş ulgamlarynyň köp sanly kamize dronyny hatardan çykarandygyny mälim etdi.
Sergeý Sobýanin iki günde 100-den gowrak hüjümiň öňüniň alynandygyny belledi.
TASS habarlar gullugyna görä, Russiýanyň Goranmak ministrligi düýn gije azyndan 145 dronyň hatardan çykarlandygyny habar berdi.
Dronlardan 53-niň Moskwanyň golaýynda hatardan çykarlandygy nygtaldy.
Moskwada we töweregindäki etraplarda 22 milliona golaý adam ýaşaýar.
Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý ýada ukrainaly resmiler hüjüm hakynda eniz hiç hili beýannama bermedi.
Ukraina gepleşiklere taýar
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, ABŞ-nyň söweşiň bes edilmegi üçin Amerikada Russiýa bilen üçtaraplaýyn gepleşigiň geçirilmegini teklip edendigini aýdypdy.
Zelenskiý ýekşenbe güni beren beýannamasynda, gepleşigiň geljek hepde geçirlip bilinjekdigini aýtdy.