Dünýäniň iň uly awiasiýa, älem we tehnologiýa festiwaly bolan TEKNOFEST-iň ilkinji güni howada ýerine ýetirlen uçuşlar bilen başlady.
Çäre Türkiýäniň ýerli önümi bolan umumy maksatly dikuçar T-70 –den amala aşyrlan paraşýut böküşleri bilen başlady.
Tejribeli esgerler tarapyndan ýerine ýetirilen çärede paraşýutçylar ýokary belentlige çykan T-70 dikuçaryndan bökdüler.
Asmanda Türkiyäniň baýdagyny we Atatürkiň plakatyny açan paraşýutçylar festiwala gelen myhmanlar tarapyndan alkyşlandy.
Howa çäreleriniň çäginde “Baykar” tarapyndan işlenip düzülen “Baýraktar AKYNJY” hüjüm uçarmansyz howa ulagy asmanda öz ornuny aldy.
Ösen tehnologiýasy we göterýän ok-därileri bilen ünsleri özüne çekýän “Baýraktar AKYNJY”, görkezme uçuşy bilen myhmanlara ajaýyp tomaşa hödürledi.
Uçuş wagty 24 sagatdan gowrak bolan emeli intellekt bilen işleýän “Baýraktar AKYNJY” tarapyndan düşürilen göni suratlar festiwal meýdançasyndaky myhmanlar üçin ägirt uly ekranlara hem görkezildi.
Festiwal 4-nji oktýabra çenli dürli çäreler bilen dowam eder.


























