DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistan Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerini ýazgardy
Yslamabat Ysraýylyň hüjümleriniň halkara hukugyny basgylaýandygyny we sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalary bökdeýändigini mälim etdi.
Pakistan Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerini ýazgardy
Pakistan Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerini ýazgardy / Reuters

Pakistan penşenbe güni Ysraýylyň Liwana guran howa hüjümlerini berk ýazgardy we hüjümleri halkara hukugynyň basgylanmagy hökmünde häsiýetlendirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada Pakistanyň Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümlerini berk ýazgarýandygy nygtaldy we hüjümleriň adam pidasynyň çekilmegine sebäp bolandygy bellenildi.

Beýannamada Ysraýylyň hüjümleriniň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin halkara derejesinde edilýän tagallalary bökdeýändigi ýatladyldy.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, halkara jemgyýetçiligine Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmegi üçin gyssagly işe girişilmegi barada çagyryş edildi.

Beýannamada Pakistanyň Liwanyň halkyna we hökümetine goldaw berýändigine üns çekildi.

Ysraýyl Eýran bilen ABŞ-nyň sişenbe güni 28-nji fewralda ABŞ bilen Ysraýyl tarapyndan Eýrana garşy başladylan we sebitde müňlerçe adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan söweşiň  iki hepde möhlet bilen bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanandygynyň yglan edilmeginden 1 gün soň başdan geçirildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýrana Ormuz bogazyny açmagy we ylalaşygy kabul etmegi üçin beren möhlediniň dolmagyna iki sagat galanda ABŞ bilen Eýranyň hüjümleriň iki hepde möhlet bilen bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanandyklary yglan edildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp ylalaşyk gazanylman halatynda bir medeniýeti ýok etmek bilen hemle atypdy.

 

 

 

Öwren
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň geçirilmeýändigini we ýakyn wagtda "bir zatlaryň boljakdygyny" aýtdy
Saud Arabystanyndaky "Şa Fahd" adyndakyt halkara howa menziline guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Eýranyň Ynkylap goragçylary: “Pars aýlagynda nebit daşaýan dört gämi nyşana alyndy” diýdi
Kreml: "Biz noýabr aýynda Russiýa-Ukraina-ABŞ üçtaraplaýyn gepleşiklerini täzeden başlatmaga taýýar"
Sudan bilen Günorta Sudanyň arasyndaky jedelleşikli zolaga guralan hüjümde 153 adam ýogaldy
Gresiýada talyplar kireýleriň ýokarlamagyna we durmuş şertleriniň agyrlaşmagyna garşylyk görkezdi
Fransiýada geçirlen protest ýörişlerinde 2 adam ýogaldy
Ysraýylyň Goranmak ministri: “Liwanyň günortasyndan 200 müň adamy sürgün etdik”
Amerikaly senator Sanders Ysraýyla berilýän harby kömegiň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
“Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürdik”
Ukraina: "Russiýanyň gije guran hüjümlerinde 3 adam ýogaldy we 11 adam ýaralandy"
Ysraýyl basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada palestinalylaryň takmynan 183 gektar ýerini aldy
Ýemeniň goşuny: "1164 operasiýada 558 Husi söweşijisi täsirsiz ýagdaýa getirildi"
Milandan Jidda şäherine uçýan uçar bomba howpy sebäpli Rime gyssagly gondy
Kolumbiýada bikanun altyn käniniň çökmegi netijesinde on dört adam ýogaldy
Sudanda dron bilen awtobus duralgasyna guralan howa hüjüminde 80 adam ýogaldy
Tel-Awiw-Wena saparyny amala aşyrýan uçar bomba habary sebäpli Bolgariýa gondy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rubio Samarkantda özbek kärdeşi Saidow bilen duşuşdy
Kreml Ýewropadaky bidüzgünçiliklere Russiýanyň gatnaşygy baradaky aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainada metro bekedini nyşana aldy