Türk rayatynyň eýeçiligine degişli bolan nebit tankerine Stambulyň golaýynda hüjüm guraldy
Türkiýäniň Ulaglar we infrastruktura ministri Abdülkadir Uraloglu, Gara deňizde bolan uçarmansyz deňiz enjamy (UDE) bilen guralan hüjüminden soň tankerdäki 27 türk ekipažynyň ýagdaýynyň gowydygyny aýtdy.
Abdülkadir Uraloglu penşenbe güni Gara deňizde, Stambulyň golaýynda barýan we daşary ýurt baýdakly, emma türk tarapyndan dolandyrylýan çig nebit tankerine pilotsyz deňiz enjamy arkaly hüjüm edilendigini we ekipažyň arasynda adam pidasynyň bolmandygyny mälim etdi.
Uraloglu “24TV” teleýaýlymynda eden eden çykyşynda, çig nebit gatnadýan gäminiň aýratyn-da hereketlendirijisine guralan we gämini işden çykarmagy maksat edinýän bilkastlaýyn hüjüme sezewar bolandygyny aýtdy.
Ministr şeýle hem hüjüm guralan mahalynda gämide 27 türk ekipažynyň bolandygyny we olaryň ählisiniň ýagdaýynyň gowydygyny aýtdy.
Uraloglu tehniki toparlaryň wakanyň bolan ýerine ugradylandygyny we mesele bilen ýakyndan gyzyklanylýandygyny sözleriniň üstüne goşdy.