ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Eýran bilen ylalaşyk gazanylandygyny malim etdi we Ormuz bogazynyň açylmagy we ABŞ tarapyndan goýlan gabawyň bes edilmegi üçin görkezme berendigini aýtdy.
Tramp Trut Sosial platformasy arkaly beren habarnamasynda “Eýran Yslam Respublikasy bilen ylalaşyk gazanyldy. Gutlaýaryn” diýdi.
Tramp “Ormuz bogazynyň tölegsiz açylmagy we şol bir wagtda ABŞ-nyň Deňiz güýçleriniň goýan gabawynyň gyssagly bes edilmegi üçin görkezme berýärin” diýip belledi.
Tramp habarnamasynda “Gämiler işe başlasyn, nebit aksyn!” diýip belledi.
Ylalaşygyň çäginde görüljek çäreler hakynda goşmaça maglumat berilmedi.
Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif duşenbe güni ir ertir ABŞ bilen Eýranyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy boýunça ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi.
Şerif X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “ABŞ bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy boýunça ylalaşyk gazanylandygyny buşlaýarys” diýdi.
Şahbaz Şerif iki tarapyň hem Liwan bilen birlikde ähli frontlarda harby operasiýalaryny gyssagly bes edendigini yglan edendigine üns çekdi.
Pakistanyň Premýer-ministrine görä parahatçylyk şertnamasyna 19-njy iýunda Şweýsariýada gol çekişiler.


















