DÜNÝÄ
2 minut okamak
Eýran-ABŞ gepleşikleriniň hüjüm ähtimallygyna garamazdan penşenbe güni başlamagyna garaşylýar
Ženewada geçirlen soňky gepleşiklerden soň Eýran harby hüjümiň öňüni aljak ylalaşygyň taslama tekstini taýarlandygyny mälim etdi.
Eýran-ABŞ gepleşikleriniň hüjüm ähtimallygyna garamazdan penşenbe güni başlamagyna garaşylýar
Eýran-ABŞ gepleşikleriniň hüjüm ähtimallygyna garamazdan penşenbe güni başlamagyna garaşylýar / TRT World

Eýranly resmiler, ABŞ-nyň Ýakyn Gündogara harby güýç ornaşdyrmaga dowam edýändigine garamazdan penşenbe güni gepleşikleriň täze tapgyrynyň başlamagyna garaşýar.

Ýekşenbe güni JBS Nýus teleýaýlymyna beýannama beren Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, Tähranyň ýadro gepleşikleriniň täze tapgyrynyň öňüsyrasynda taslama tekstiň taýarlanýandygyny aýtdy.

Taraplara töwellaçylyk edýän Omanyň Daşary işler ministri Seýid Bedr bin Hamad Al Busaidi, gepleşikleriň penşenbe güni Ženewada gaýtadan başlajakdygyny aýtdy.

Eýranda geçirlen protest ýörişlerinde adam pidalarynyň artmagyndan soň ABŞ-nyň abaý-syýasaty has güýçlendi.

Eýranyň Daşary işler ministri Arakçi, “ABŞ hüjüm eden halatynda özümizi goramak hukugymyz bar” diýdi.

 Arakçi ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezleriniň nyşana alynyp bilinjekdigini öňe sürdi.

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan hem sosial mediadan beren habarnamasynda gepleşikleriň ozalky tapgyryny “oňyn” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ženewada geçirlen gepleşikleriň soňky tapgyryndan soň Eýran, harby hüjümiň öňüni aljak ylalaşygyň taslama tekstini taýarlandygyny mälim etdi.

Arakçi JBS-ä beren beýannamasynda “Penşenbe güni Ženewada geçiriljek gepleşiklerde ylalaşyk gazanylyp bilner” diýdi.

Axios amerikaly resmä esaslanýan habarynda, Eýranyň 48 sagadyň dowamynda teklibini hödürlän halatynda Waşingtonyň hepdäniň dowamynda gepleşiklere başlamaga taýardygyny mälim edipdi.

Beýleki tarapdan ABŞ Ýakyn Gündogara harby güýç ornaşdyrmaga dowam edýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili we gepleşikleri alyp baryjy Witkoff, şenbe güni Fox Nýus teleýaýlymyna beren beýannamasynda prezidentiň Eýranyň näme üçin basyşlara boýun egmeýändigine düşünmeýändigini aýtdy.

 

 

Öwren
Iordaniýa: Eýranyň ýurduna guraýan hüjümlerini “bilkastlaýyn” hökmünde häsiýetlendirdi
Hindistanda sil sebäpli 17 müň 500 adam ewakuasiýa edildi
Gollandiýada ABŞ-daky we Kanadadaky 86 tonna altynyny Britaniýa getirdi
Gresiýada Günbatar Nil wirusyna ýoluganlaryň sany 290 adama ýetdi
Katar, Müsür we Iordaniýa Eýranyň Arap goňşularyna guraýan hüjümlerini ýazgardy
Ysraýyllylaryň Günbatar Şeriada iki aýry oba guran hüjüminde iki palestinaly ýogaldy
Tramp Eýran bilen urşuň tamamlanandygyny yglan etmegi göz öňünde tutýar
Russiýa Moskwany nyşana alan 37 drony urup düşürendiklerini mälim etdi
Russiýa: Ukrainanyň logistika merkezlerine we harby maksatlar üçin ulanylýan gämilere hüjüm guradyk
ABŞ-nyň Minneapolis şäherinde bolan atyşykda iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýrana guran soňky hüjüminde azyndan 18 adam ýogaldy
Germaniýada demir ýol menziliniň golaýynda partlama boldy
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Müsürde bolan awtobus heläkçiliginde 16 adam ýogaldy
Russiýa: Eýranyň S-300 howa goranyş ulgamy täsirli işleýär
Ganhor Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73 müň 462 adama ýetdi
Siriýanyň Idlib welaýatynda ok-däri ýüklenen ulagyň ýarylmagy sebäpli 2 adam ýogaldy
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar
BAE: Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy
Modi bilen Pezeşkiýan Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy