ÝB we Tramp rus energiýa çeşmelerine sanksiýa goýmak üçin hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdy

Fon der Lýaýen we Tramp rus energiýa çeşmelerine, banklaryna we kriptowalýutasyna goşmaça sanksiýalar bilen Moskwa has güýçli gysyş etmek hakynda pikir alyşdy.

ÝB we Tramp rus energiýa çeşmelerine sanksiýa goýmak üçin hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdy / Reuters

 Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen sişenbe güni beren beýanatynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Ukraina urşy sebäpli Russiýa edilýän gysyşy güýçlendirmek üçin goşmaça başlangyçlary ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

X platformasyndan habarnama beren Fon der Lýaýew “Tramp bilen ykdysady gysyşy güýçlendirmek üçin bilelikdäki tagallalarymyzyň depgini ýokarlandyrmak boýunça netijeli duşupşyk geçirdim” diýip, ÝB Komissiýasynyň Ukraina 2022-nji ýylda guralan hüjümden bäri Russiýa garşy 19-njy sanksiýa bukjasy üçin ýakyn gelejekde tekliplerini hödürlejekdiklerini beýan etdi.

Fon der Lýaýen şol bukjanyň kritowalýuta, banklar we energetika pudaklaryna garşy çäreleri öz içine aljakdygyny nygtady.

Has ýokary depginde hereket etme tagallasy

Tramp  Moskwany jezalandyrmaga başlamazdan ozal ýaranlaryndan rus nebitini almagy bes etmeklerini isläp, Hytaýyň önümlerine ýokary gümrük salgytlaryny girizmeklerini talap edipdi.

27 agzaly ÝB, Kremliň 2022-nji ýylda Ukraina garşy hüjüminden soň rus nebitiniň importyny onsuz hem azaldypdy. 2027-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa Russiýadan nebit we gaz almagy tapgyrlaýyn görnüşde dolulygyna bes etmegi meýilleşdirýär.

Fon der Lýaýen Brýusseliň has depginli hereket etmegi nazarda tutýandygyny beýan edip; “Fosil ýangyçlardan alynýan girdejiler bilen goldaýan Russiýanyň harby ykdysadyýeti Ukrainada dökülýän gany maliýeleşdirýär. Ony bes etmek üçin Ýewropa Komissiýasy rus fosil ýangyjynyň importuny tapgyrlaýyn görnüşde bes etmegiň depgini ýokarlandyrmagy teklip eder” diýip ýazdy.