Sudanyň Demirgazyk Darfur sebitindäki asuda ilat agyr günleri başdan geçirýär
Öýlerini terk eden asuda ilatyň uly zuluma sezewar bolýandygyny aýdan Tom Fletçer, dünýä ýurtlaryna çagyryş etdi.
BMG-nyň ynsanperwer kömeklerden jogapkär ýolbaşçysy, Sudanyň Demirgazyk Darfur sebitinde öýlerini terk eden asuda ilatyň çekýän ýitgisini söz bilen beýan etmeginiň mümkin däldigini aýtdy.
BMG-nyň Baş sekretarynyň Ynsanperwer kömek işlerinden jogapkär orunbasary we ynsanperwer kömegini utgaşdyryjy Tom Fletçer ýekşenbe güni X sosial media paltformasy arkaly beren habarnamasynda “Tawilada başdan geçirilýän wakalary söz bilen beýan etmek mümkin däl. Öýlerini terk edenleriň ýarysyndan gowragy çaga” diýdi.
Fletçer “Hüjümden sag aman halas bolup düşelgä giren ýaralanan zenan, ýoldaşlaryndan biriniň açlyk sebäpli ejir çekýän çagasyny gukjagynda göterýärdi we dünýä ýurtlaryndan kömek gelermi diýip sorady” diýdi.
BMG-nyň Fajebook arkaly beren habarnamasynda, Fletçeriň Tawila baryp görendigine we birnäçe hepde ozal Faşirden gaçan zenanlar bilen duşuşandygyna üns çekildi.
Öýlerini terk eden sudanlylaryň uly zuluma sezewar bolandygyny aýdan Fletçer, dünýä ýurtlarynyň olary goramalydygyny belledi.
BMG-nyň Ynsanperwer kömeklerini utgaşdyryş gullugyna görä, Fletçer Günbatar Darfurdaky Juneýne we merkezi Darfurdaky Zalije sebitlerine baryp gördi.
Fletçer Sudanyň wagtlaýyn Özygtyýarlyk geňeşiniň başlygy Abdulfettah al Burhan bilen duşuşdy.
Görkezijilere uly alada bildirilýär
Halkara Migsariýa guramasy 26-njy oktýabrdan bäri Faşirden we golaýdaky obalardan göçmäge mejbur bolanlaryň sanynyň 99 müňden geçendigini mälim etdi.
Geçen aý Çalt goldaw güýçleri, Demirgazyk Darfuryň paýtagty Faşiri ele geçirdi.
HDK güýçleriniň sebitde gyrgynçylyk edýändigi öňe sürlipdi.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna görä, 2023-nji ýylyň aprel aýynda harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli azyndan 40 müň adam ýogaldy, 12 million adam öýüni terk etdi.