DÜNÝÄ
1 minut okamak
Putin rus goşunyna üç günläp, düýn gijeden başlap Kiýewe hüjüm guramazlygy tabşyrdy
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň rus goşunyna düýn gijeden başlap üç günläp Kiýewe hüjüm guramazlygy tabşyrandygyny mälim etdi.
Putin rus goşunyna üç günläp, düýn gijeden başlap Kiýewe hüjüm guramazlygy tabşyrdy
Putin rus goşunyna üç günläp, düýn gijeden başlap Kiýewe hüjüm guramazlygy tabşyrdy

Russiýanyň TASS habarlar agentligine beren beýanatynda Peskow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýörite wekilleri Stiw Witkoff bilen Jared Kuşneriň Moskwa guran saparynyň üstünde durup geçdi.

Peskow ABŞ-nyň wekilleriniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan kabul ediljekdigi baradaky maglumatlary paýlaşdy.

Peskow Ukrainanyň wagtlaýyn ot açmagy bes etmek barada rus tarapyna habar berendigini belläp: "Putin Kiýewe garşy üç günüň dowamynda, düýn gijeden başlap, hüjüm guramazlygy tabşyrdy. Bu amerikanlaryň Kiýewde geçirjek gepleşiklerini taýýarlamak we geçirmek bilen baglanyşykly" diýdi.

Habar berlişine görä, Trampyň ýörite wekilleri Witkoff bilen Kuşner düýn Ukraina krizisini çözmek boýunça gepleşikler geçirmek üçin Moskwa bardylar.

ABŞ-nyň wekilleriniň Moskwada geçirjek gepleşiklerinden soň Kiýewe barjakdyklary aýan edilipdi.

Ukrainanyň metbugaty Ukrainanyň goşunyna 6-8-nji sentýabr aralygynda ýary gijeden başlap hüjümleri bes etmek barada görkezme berlendigini habar berdi.