BMG rus uçarlarynyň Estoniýanyň howa giňişligine girmegi sebäpli nobatdan daşary ýagdaýda jemlenşer

Finlýandiýa aýlağyny geçen üç rus MiG-31 kysymly uçaryň Estoniýanyň howa giňişligine girmegi dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereket hökmünde häsiýetlendirildi.

Estoniýanyň Daşary işler ministrligi, ýekşenbe güni üç rus uçarynyň Estoniýanyn howa giňişligine girmeginden soň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň şu hepde nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişjekdigini mälim etdi.

Üç rus MiG-31 kysymly harby uçar Finlýandiýa aýlagynyň üsti bilen Estoniýanyň howa giňişligine girdi.

ÝB bilen NATO bu wakany meçew beriji hereket hökmünde häsiýetlendirdi.

Bu garaýyş resmi Moskwa tarapyndan kabul edilmedi.

NATO-nyň Baltika ýurtlaryndaky howa giňişligini goramak üçin iş alyp barýan Italiýa degişli F-35 uçarlary, Şwesiýa we Finlýandiýa degişli uçarlar bilen birlikde rus uçarlarynyň howa giňişligine girmeginiň öňüni almak we duýduryş bermek üçin uçdy.

Estoniýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada “BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi 22-nji sentýabrda Russiýanyň anna güni Estoniýanyň howa giňişligine girmegi meselesini seljermek üçin nobatdan daşary ýagdaýda jemlenşer” diýildi.

Ukraina güýçli goldaw berýän ÝB-ne we NATO agza Estoniýa 34 ýyllyk agzalygynyň çäginde ilkinji gezek BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişmegini talap edýär.