HEG-nyň başlygy: Ormuz bogazyndaky dartgynlyk dünýä ykdysadyýeti üçin ‘uly howp’ döredýär
Halkara Energetika Gullugynyň (HEG) başlygy Fatih Birol dartgynlyk dowam eden halatynda, haýsydyr bir ýurduň onuň zyýanly täsirlerinden çetde galyp bilmejekdigini aýtdy.
Halkara Energetika Gullugynyň başlygy Fatih Birol, Eýrana garşy alnyp barylýan uruş sebäpli ýüze çykan energiýa krizisiniň netijesinde dünýä ykdysadyýetine “uly howp” abanýandygyny aýtdy hem-de bu dowam etse, “haýsydyr bir ýurduň onuň zyýanly täsirlerinden çetde galyp bilmejekdigini” duýdurdy.
Birol duşenbe güni Awstraliýanyň paýtagtynda ýerleşýän “National Press Clubda” eden çykyşynda dowam edýän energiýa krizisisini 1970-nji ýyllardaky krizisisler we Russiýanyň 2022-nji ýylda Ukraina garşy başladan urşunyň ýüze çykaran netijeleri bilen deňeşdirdi.
Ol: “Bu krizisiz häzirki şertlerde iki nebit krizisisiniň we şeýle hem başdan geçirilen tebigy gaz krizisisiniň birleşen görnüşidir” diýdi we süzün üstüni ýetirdi: “Dünýä ykdysadyýeti häzirki wagtda örän uly howpy başdan geçirýar we bu meseläniň mümkin bolan iň gysga wagtda çözülmegini umyt edýärin.”
Urşuň dördünji hepdesinde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Eýranyň resmileri özara haýbatlaryny dowam etdirýä. ABŞ-nyň Prezidenti dünýäde nebit we gaz gatnawynyň takmynan 20 göteriminiň geçirilýän Ormuz bogazynyň gaýtadan açylmagyny talap etdi.
Geçelgedäki bökdençlik bu ýerden geçýän nebit gatnawyny tas doly togtatdy we nebitiň bahalary gysga wagtda garaşylmadyk derejede ýokarlady.
Bazara goýberilýan nebit gorlarynyň mukdary ýokarlandyrylmaly
Birol, Halkara Energetika Gullugynyň Eýran urşy sebäpli zerur bolan halatynda bazara goýberilýän nebit gorlarynyň ýokarlandyrylmagy meselesinde Aziýadaky we Ýewropadaky döwletler bilen gepleşikler geçirýändigini aýtdy. Fatih Biol: “Zerur bolsa, elbetde muny ederis. Şertlere serederis, bazarlary seljereris, baha bereris we agza döwletlerimiz bilen maslahatlaşarys” diýdi.
HEG-na agza döwletler 11-nji martda dünýäde çig nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak maksady bilen strategik gorlardan rekord derejede — 400 million barrel nebit goýbermek boýunça ylalaşypdylar.
Birol goşmaça nebit goýbermek hakynda karar kabul etmek üçin çig nebitiň bahasynyň möçberiniň kesgitleýji bolmajakdygyny sözlerinin üstüne goşdy hem-de Ýakyn Gündogardaky krizisi “örän çynlakaý” diýip häsiýetlendirdi.