Türkiýe duşenbe güni Sudanda BMG-na degişli harby merkeze guralan we parahatçylyk güýjüniň çäginde iş alyp barýan bangladeşli 6 esgeriň ýogalmagyna, 8 adamyň hem ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgardy.
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada “Uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hyýanatçylykly hüjümde ýogalan bangladeşli esgerlere Alladan rehnet dileýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.
Beýannamada, Sudanyň jebisliginiň we bitewiliginiň goralmagynyň ähmiýetine üns çekildi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýnnamada “Türkiýe ýurtda dowam edýän çaknyşyklaryň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin edilýän tagallalara güýçli goldaw berýär” diýildi.
Hüjüm Sudanyň harby goşuny bilen paramilitar Çalt goldaw güýçleri RSF-nyň arasyndaky çaknyşyklaryň yzygiderli ýagdaýda dowam edýän döwründe guraldy.
2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Sudanyň harby goşuny bilen RSF güýçleriniň arasynda dowam edýän çaknyşyklar sebäpli müňlerçe adam ýogaldy, millionlarça adam hem öýüni terk etdi.
Sudanyň harby goşuny hüjümden RSF-niň jogapkärdigini öňe sürdi
RSF tarapyndan bolsa mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.
Hüjümde ýogalan esgerler BGM-nyň Howpsuzlyk güýjüniň çäginde Sudanyň gara altyna baý sebitinde iş alyp barýardy.














