ÝB Komissiýasy, Ukraina 4,36 milliard ýewrolyk goşmaça kömegiň berlendigini mälim etdi.
ÝB Komissiýasy tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, kömegiň Ukraina goldaw bermek karzynyň çäginde berlendigi nygtaldy.
Beýannamada kömegiň 3,7 milliard ýewrolyk böleginiň 2026-njy ýyl üçin kesgitlenen makro-maliýe kömeginiň ikinji tapgyryny emele getirýän bolsa, 658 million ýewrolyk böleginiň goranyş pudagy üçin bölünip berlendigi bellenildi.
ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen, Russiýanyň guraýan hüjümleri sebäpli agyr günleri başdan geçirýän Ukrainynyň 5-nji gyş pasly üçin taýarlyk görýändigini aýtdy.
ÝB-niň Ukrainada adalatly we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalara goldaw berýändigini aýdan Laýen, 4,36 million ýewrolyk kömegiň Ukrainanyň esasy hyzmatlaryny dowam etdirmegi we gyssagly goranyş zerurlyklarynyň giderilmegi maksady bilen berlendigini ýatlatdy.





















