SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
ABŞ, Russiýanyň Ukrainadan atyşygy bes etmegiň alynky şerti hökmünde terriorial egilşikleri, harby azaltmalar we NATO boýunça kepillikleri talap etmegi sebäpli Tramp bilen Putiniň arasynda meýilleşdirilen duşuşygy bes etdi.
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi? / AP
31 Oktýabr 2025

ABŞ Russiýanyň Ukraina bilen bagly güýçli talaplar boýunça egilşiksiz pozisiýasy sebäpli Prezident Donald Tramp bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putinbiň arasynda Budapeştde geçirilmegi meýilleşdirilen sammiti bes etdi. Bu maglumat “Finansal Taýms” tarapyndan anna güni çap edildi.

Karar iki ýurduň ýokary derejeli diplomatlarynyň arasynda geçirilen dartgynly telefon söhbetdeşliginden soň kabul edildi. Gazet mesele boýunça habarly adamlara salgylanyp bu barasynda maglumat çap etdi.

Ak  Tam bu barasynda henize çenli resmi beýannama bermedi.

Trampyň we Putiniň oktýabr aýynda Budapeştde sammit geçirmek hakyndaky meýilnamalary Moskwanyň talaplarynda egilşik etmezligi sebäpli bes edildi. Şol talaplaryň hatarynda Ukrainanyň atyşygyň şerti hökmünde Russiýa ýer bölegini bermegi hem bardy.

Tramp Ukrainanyň häzirki serhetlerinde atyşygyň dessine bes edilmegi boýunça çagyryşy goldapdy.

Trampyň we Putiniň Russiýanyň Ukrainadaky urşuny bes etmek hakynda pikir alyşmak üçin Wengeriýanyň paýtagty Budapeştde duşuşmak hakynda karara gelmeginden birnäçe gün soň Russiýanyň Daşary işler ministrligi Waşingtona resminama ugratdy. Şol resminamada Putiniň çaknyşygyň “esasy sebäpleri” hökmünde atlandyrýan meselelerinin seljerilmelidigi nygtalýar. Şolaryň hatarynda territorial egilşikler, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň sanynyň azaldylmagy we NATO goşulmajakdygy hakynda kepillik bermegi bardy.  

ABŞ Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň döwlet Sekretary Marko Rubionyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň sammiti bes etdi. Rubio telefon söhbetdeşliginden soň Trampa Moskwanyň gepleşik üçin isleginiň ýokdugyny beýan etdi. Bu maglumat bolsa “Finansal Taýms” gazetinde çap edildi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý şu aýyň dowamynda beren beýannamasynda Ukrainanyň ýaraşyk gepleşiklerine taýýardygyny, emma Moskwanyň talap edişi ýaly goşmaça ýerlerden goşunlaryny yza çekmejekdigini aýtdy.

Öwren
Erdogan Yragyň Premýer-ministri Sudani bilen söwda we terrora garşy göreş hakynda pikir alyşdy
BMG ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosyna alada bildirýär
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar
Gresiýanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
ABŞ Gaza parahatçylyk sammitini geçirer
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy
6-njy fewralda başdan geçirlen ýer titremesinden soň gaýtadan dikeldiş işleri dowam edýär
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar
Türkiýe bilen Saud Arabystany KAAN harby uçarlaryna birlikde maýa goýar
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar
Putin Eýranyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul etdi
Türkiýe ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýar
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Türkiýe bilen Nigeriýa özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär