Eýran, syýasy taýdan egilşik etmek ýada ABŞ-na garşy has-da güýçlenmek meselesinde iki topara bölündi.
ABŞ-nyň täze prezidentiniň 2025-nji ýylyň 20-njy ýanwarynda wezipesine başlamagy bilen Ýakyn Gündogar esasan Eýran meselesinde Amerikanyň täze liderini synagdan geçirmäge dowam eder. Syýasy analitikler Trampyň bu gezek alyp barjak Eýran syýasaty bilen ýakyndan gyzyklanýar.
Trampyň ýeňişi Eýranyň syýasy töwereklerinde tapawutly garaýyşlaryň beýan edilmegine we jedelleşiklere sebäp boldy. Esasan reformaçylar bilen konserwator gatlagyň arasyndaky Trampyň täze döwrü hakyndaky garaýyş tapawutlylygy çuňlaşdy.
2016-njy ýylda ilkinji gezek ABŞ-nyň Prezidenti kürsüsine oturan Tramp, Ak Tama gelenden soň esasan Ýakyn Gündogar meselesinde halkara gatnaşyklarda täze döwrüň başlandygyna ünsi çekýärdi.
Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet Barak Obama döwründe baglaşylan Giň gerimli iş meýilnamasyndan biri taraply ýagdaýda çekildi we Eýrana garşy basyş syýasatyny alyp barmaga başlady. Basyş syýasaty, Eýranyň syýasatynda uly özgerlişige sebäp boldy. Bu syýasy göçümler, Eýrandaky syýasy aktýorlaryň arasynda Tramp hökümeti barada garaýyş tapawutlylyklarynyň ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Mysal üçin Trampyň ýadro ylalaşygy şertnamasyndan çekilmeginiň yzy ýanyndan tanymal eýranly reformaçylar Trampa hat ýazyp Eýran bilen gönüden gepleşik geçirilmegini goldaw berdi.
Muňa garamazdan Eýranly konserwatorlar döwrüň Prezidenti Hasan Ruhaniniň ýolbaşçylgyndaky hökümetden, Trampyň şertnamadan çekilmegine jogap hökmünde Eýranyň ýadro şertnamasynyň 37-nji maddasyndaky jogapkärçiliklerini saklamagyny talap etdi.
Russiýa, Hytaý we deňagramlyk syýasaty
Trampyň Ak Tamda işe girişmeginden soň Eýranda ýene-de bir gezek konserwatorlar bilen reformaçylaryň arasyndaky garaýyş tapawutlylygy sebäpli syýasy dartgynlyk başdan geçirilýär.
Reformaçylar, Trampyň Hytaýy gözegçilik astyna almak we ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky esgerleriniň sanyny azaltmak strategiýasy sebäpli Eýran bilen ylalaşyk gazanylmagynyň möhümdigini nygtaýar.
Başgaça aýdanymyzda Eýran bilen şertnama baglaşmak ABŞ-nyň global maksatlarynyň öz netijesini bermegi üçin strategiýa taýdan mejbury.
Emma bu garaýyş dolulygyna Trampyň pragmatiki çemeleşip ýurduň içinde we daşary ýurtda parahatçylygy ýola goýan adam hökmünde şahsy taýdan miras goýmak üçin Eýran ylalaşygyny ulanyp ulanmajakdygy bilen bagly. Eýranly reformaçylar Trampyň söweşe garşy çykyşyny strategik pursat hökmünde analiz edýär we Eýran bilen ylalaşyk gazanmagyň gymmatynyň söweş sebäpli çekiljek ykdysady we syýasy ýitgiden has az boljakdygyny öňe sürýär.
Trampyň liderliginde gazanylmagy ähtimal Amerika-Eýran ylalaşygy resmi Tähranyň Moskwa we Pekin bilen edýän gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirer. Emma eýranly reformaçylar köptaraply hyzmatdaşlyk netijesinde munyň hötdesinden gelinjekdigini nygtaýar.
Eýranly konserwatorlar bolsa Eýranyň howpsuzlygynyň we häzirki geo syýasy täsiriniň goralmalydygyny nygtaýar.
Tramp hökümetiniň käbir agzalary, Eýrana garşy berk tutumyň alnyp barylmalydygyny nygtaýar. Eýran eger Amerika garşy duşmançylykly tutum alyp baran halatynda bu ýagdaý Tähranyň harby güýjüne zeper ýetirer we Eýranyň içinde uly garşylyga sebäp bolar. Bu şol bir wagtda strategik ýaranlar Hytaý bilen Russiýanyň Eýrana bolan ynamyna zeper ýetirer we olaryň Tähran bilen söwda we harby taýdan edýän gatnaşyklaryny çäklendirmegine sebäp bolar. Hatda Saud Arabystany we Ysraýyl ýaly sebitleýin bäsdeşler bilen Tähranyň sebitdäki täsirini çäklendirmek üçin berk tutum alyp barmagyna itergi berer.
Donald Trampyň 2016-njy ýylda ýadro şertnamasyndan bir taraply ýagdaýda çekilmegi, konserwatorlaryň arasynda Waşingtonyň ynamsyzdygyny ýene-de bir gezek görkezipdi. Mundan başgada Tramp hökümetiniň Eýranyň ýadro meýilnamasyna we sebitleýin täsirine garşy berk tutum alyp barmagy, konserwatorlaryň Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda geçirlip bilinjek ýadro gepleşiklerine garşy durmaklaryna sebäp bolýar.
Tramp döwründe Eýran nähili strategiýa alyp barar?
Eýranyň hökümeti iki taraply strategiýa alyp baryp biler. Bir tarapdan halkara dartgynlygy azaldyp, halkara basyşlaryň gowşamagyna gönügip biler, beýleki tarapdan sebitleýin täsirini güýçlendirip strategik ýüz öwürdjiligini artdyrmaga gönügip biler.
Bu çemeleşme, Tähranyň diplomatik tagallalarynda özüni görkezer. Eýran bir tarapdan gepleşikleri goldaýan syýasat alyp barar, beýleki tarapdan goranyş mümkinçiligini we sebitleýin wekilçilik güýçlerini güýçlendirmäge dowam eder.
Eýranyň günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we ylmy barlag guramalaryna ýetirýän täsiri, dünýäni esasan Ýewropanyň we Amerikanyň liderlerini, dialog pursadyndan ýerlikli peýdalanylmagynda uly rol oýnar. Trampyň prezidentliginiň birinji döwründe ABŞ bilen ÝB-niň arasynda Waşingtonyň Russiýanyň öňe gidişligine garşy Ýewropany goramak üçin maliýe taýdan öz üstüne alan jogapkärçiligi diplomatik dartgynlyga sebäp bolupdy. Käbir analitikler Trampyň prezidentliginiň ikinji döwründe hem şuňa meňzeş wakalaryň ýüze çykyp biljekdigini nygtaýar. Eýran bu bölünşinden ýerlikli peýdalanyp biler.
Beýleki tarapdan resmi Tähran, Halkara Atom energiýasy gullugy bilen çäklide bolsa hyzmatdaşlyk etmäge dowam edýär. Emma çuňlaşan ykdysady çökgünlik döwründe Eýran, ýurduň ýolbaşçysynyň Ýewropa ýurtlaryndan goldaw almagy üçin oppozisionerler herekete geçmeli bolup biler.
Şol sebäpli Eýranyň käbir sosial media platformalaryna goýan bökdençiligini ortadan aýyrmagyna, internedi el ýeterli ýagdaýa getirmegine we etniki talaplaryň çäkli ýagdaýda gün tertibine getirilmegine rugsat berip biler.
Umuman alnanda Eýranyň Trampyň Ak Tama gaýdyp gelendigine garamazdan ýadro meýilnamasyny dowam etdirýärkä, hem içerki syýasatdaky hem-de daşary syýasatdaky täsirini goramak üçin birnaçä strategiýa taýarlandygy görülýär.
Emma esasy mesele Trampyň Eýranyň ýörite taýarlan göçümlerine berjek jogabyna bagly. Trampyň alyp barýan berk tutumy nazarda tutulan halatynda, Tähran ýäze täse sanksiýalar toklunyna sezewar bolar we sebitde strategiýa taýdan ýitgi çeker ýada bu etabyň hötdesinden gelip Waşington bilen edýän gatnaşyklarynda täze sahypa açar













