Türkiyäniň Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly bu barada sosial media hasabyndan beýannama berdi.
Stambul howa menziliniň iň ýokary derejede öz rekordyny täzeländigini aýdan Uralogly: "Stambul howa menzili 9-njy awgustda 289732 ýolagça hyzmat etdi we Türkiyede we Ýewropada iň ýokary gündelik ýolagçy sanyny ýene-de bir gezek hasaba aldy. Ýola goýan güýçli ulag infrastrukturamyz bilen Stambulyň global awiasiýada merkez hökmündäki ornuny pugtalandyrýarys" diýip nygtady.




















