Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Önjü Keçeli iki ýurduň arasynda 2022-nji ýyldan bäri dowam edýän kadalaşma etabynda görlen ynamy artdyryjy çäreler hakynda sosial media arkaly maglumat berdi.
Keçeli habarnamasynda iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň başlamagy maksady bilen görlen taýarlyklaryň 2026-njy ýylyň 11-nji maýynda tamamlanandygyny nygtady.
Keçeli Türkiýeden üçünji ýurtlar arkaly Ermenistana giden ýada üçünji ýurtlar arkaly Ermenistandan Türkiýä gelen harytlar hakyndaky resminamalarda “Ermenistan/Türkiýe” diýlip ýazyljakdygyny ýatlatdy.
Serhetleriň açylmagy üçin tehniki işler dowam edýär
Iki ýurduň arasyndaky gury ýer serhetleriniň açylmagy etaby hakynda hem durup geçen Keçeli, gümrük geçelgeleriniň açylmagy üçin degişli taýarlyklaryň dowam edýändigini ýatlatdy.
Türkiýäniň ýerleşýän sebitinde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalaryna ünsi çeken Keçeli “Türkiýe Günorta Kawkazda yzygiderli parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin sebit ýurtlarynyň we halklarynyň bähbidine laýyklykda edilýän ähli tagallalara goldaw bermäge dowam eder” diýdi.









