Miçigandaky buthanada guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Şahsyýeti entek anyklanmadyk hüjümçi, Grand Blank şäherçesindäki Keramatlylaryň soňky güni Isa Mesih buthanasyna hüjüm gurady. Polisiýa gullugy hüjümçiniň ot açylyp öldürilendigini we buthananyň içinde ýogalan adamlaryň bardygyny habar berdi.
Miçigan ştatynda Mormon buthanasyna guralan ýaragly hüjümde we ondan soň bolan ýangynda ýene-de 2 adamyň jesedi tapyldy. ABŞ-nyň demirgazygynda ýerleşýän Miçigan ştatynyň Polisiýa gullugy şeýlelik bilen ýogalan adamlaryň sanynyň 4-e ýetendigini mälim etdi.
Grand Blank şäherçesiniň Polisiýa gullugynyň ýolbaşçysy William Renýe metbugat ýygnagynda, ýanan buthanada geçirilen gözleg işlerinde ýene-de 2 adamyň jesediniň tapylandygyny aýan etdi.
Renýe: “Tapylan soňky 2 adamyň jesedi bilen birlikde jemi ýogalanlaryň sany 4 adama ýetdi” diýip habar berdi.
Waka Detroýt şäheriniň takmynan 80 km demirazygyndaky Isa Mesihiň Soňky wagtlardaky keramatlylar buthanasynda başdan geçirildi. Resmiler binanyň şol bir wagtda ýangynda zeper ýetendigini, emma ýangynyň hüjüm bilen arabaglanşykly bolup-bolmandygynyň entek anyklanmandygyny beýan etdiler.
Polisiýa gullugy halka howp saljak wehimiň bolmandygyny tassyklady, emma ejir çekenleriň sany we ýagdaýlary barada anyk maglumat bermedi.
Adatdan daşary ýagdaý toparlary wakanyň bolan ýerinde derňew geçirmäge dowam edýär.