Russiýa Pariž Şarl de Goll howa menzilinde rus hökümet işgäriniň ençeme sagatlap, göz tussaglygyna alynmagyndan soň Fransiýadan düşündirişe garaşýandygyny beýan etdi. Moskwa wakany utandyryjy hökmünde häsýetlendirip, hereketi berk ýazgardy.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi adynyň aýan edilmegini islemeýän adamyň ministrligiň çäginde işleýändigini we resmi wekiliýetiň düzüminde bolandygyny belläp, duşenbe güni Fransiýa barandygyny habar berdi. Rus tarapynyň öňe sürmelerine görä, Fransiýanyň Polisiýa gullugy fransuz wizasynyň bardygyna garamazdan ady agzalan adamyň gonan mahaly telefonyny we kompýuterini aldy we ençeme sagat serhet gözegçiliginde saklady.
Soňky aýlarda Moskwanyň Ýewropany we esasanam Ukrainany goldaýandygy üçin Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makrony, tankyt etmegi sebäpli dartgynlaşan Fransiýa-Russiýa gatnaşyklary bu waka bilen täze krizise girdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda "6-njy aprelde Şarl de Goll howa menzilinde bolup geçen wakalara düşündirişi ýok" diýdi. Zaharowa Russiýanyň ilçihanasynyň derrew howa menziline konsul iberendigini we diplomatlarynyň resmi wekiliýetiň agzalary bolan kärdeşlerine ýetmek üçin ýedi sagat töweregi garaşmaga mejbur galandygyny habar berdi.
Zaharowa: "Biz bu ýagdaýy jogapsyz goýmaga niýetimiz ýok" diýip belläp, Parižden entek jogap ýokdugyny aýtdy. Zaharowa: "Elbetde, düşündiriş haýyşymyzy fransuz tarapyna ýetirdik. Dogrusyny aýtsak, özlerini nädip aklajakdyklaryny göz öňüne getirmek kyn" diýip nygtady.
Kreml berk ýagdaýda ýazgardy: Kabul edilmez
Kreml hem wakany berk ýagdaýda ýazgaryp, göz tussaglygyny “dolulygyna kabul ederliksizdigini” belläp, bu ýagdaýyň Moskwa bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary “has hem erbetleşdirjekdigini” beýan etdi. Russiýanyň Fransiýanyň Daşary işler ministrligine protest notasyny ugradandygy we Fransiýanyň Moskwadaky ilçisini gepleşik geçirmek üçin çagyrandygy aýan edildi.
Russiýa bilen Fransiýa Russiýa-Ukraina urşunyň başlamagyndan bäri köp sanly diplomatlary ýurtlaryndan çykardy. Kreml soňky wagtlarda Ukraina urşy bilen bagly öýke-kinesini Ýewropa ýetirýän bolsa, ABŞ bilen has aram gatnaşyk ýola goýmaga synanyşýandygy bellendi.
Ukrainanyň güýçli goldawçysy bolan Fransiýa geljekde boljak parahatçylyk şertnamasynyň çäginde parahatçylygy goraýjy güýçleri ýerleşdirmek ideýasyny öňe sürdi. Şeýle-de bolsa, Russiýa bu teklibi uruş yglan etmek bilen deňeşdirýär.















