Eýran Ysraýylyň Tährandaky ýangyç ammarlaryna guran hüjümine berk garşylyk görkezdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi “Sebitiň ýaşaýjylarynyň saglygyna we abadançylygyna uzak möhletleýin zeper ýetirlip bilner” diýdi.

By
Eýran Ysraýylyň Tährandaky ýangyç ammarlaryna guran hüjümine berk garşylyk görkezdi / Reuters

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, Ysraýylyň Eýranyň paýtagty Tährandaky ýangyç ammarlaryny bombalamak bilen halkara hukugyny basgylaýandygyny we ekologiýa uly zeper ýetirýändigini aýtdy.

Arakçi duşenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Sebitiň ýaşaýjylarynyň saglygyna we abadançylygyna uzak möhletleýin zeper ýetirlip bilner. Topragyň we ýerasty suwlaryň hapalanmagy tebigata uly zeper ýetirer we hüjümleriň ýaramaz täsiri nesiller boýy dowam edip biler” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Ysraýylyň edýän harby jenaýatlary sebäpli jezalandyrylmagyny isledi.

Ysraýyl bilen ABŞ-nyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan bilelikdäki hüjümlerinde Eýranyň ozalky dini lideri Ali Hamenei bilen birlikde 1300 adam ýogaldy.

Eýran hem hüjümlere Ysraýyla, Yraga we ABŞ-nyň harby merkezlerine ýer eýeçiligini edýän Aýlag ýurtlaryna dron we raketa hüjümini guramak bilen gaýtawul görkezýär.