Albaniýada Premýer-ministr Edi Rama, ýekşenbe güni geçirlen parlament saýlawlarynda Sosialist partiýasynyň ýeňiş gazanmagy bilen 4-nji gezek häkimiýetiň başynda galmaga hukuk gazandy.
Saýlaw komissiýasynyň resmi görkezijilerine görä sesleriň 94 göterimi sanaldy.
Sosialist partiýa sesleriň 52 göterimini, Demokrat partiýa bolsa 34 göterimini aldy.
Saýlawyň netijeleriniň resmi taýdan yglan edilmegi bilen Rama täze hökümetini gurmak üçin işe girişer.
Saýlawyň netijeleri Premýer-ministr Ramanyň Albaniýanyň 2030-njy ýyla çenli ÝB-ne agzalyga kabul edilmegi baradaky meýilnamasyny dowam etdirmegine hem mümkinçilik berer.
Günbataryň goldawyna eýe bolmak
2013-nji ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan Rama, 12 ýyllyk häkimiýeti döwründe ykdysady ösüşi we oppozisiýanyň arasyndaky bölünşik sebäpli saýlawda ünsleri özüne çekdi.
Bu üstünlik beýleki Balkan ýurtlary bilen deňeşdirilende Albaniýada durnuklylygyň dowam etjekdigini görkezýär.
Kosowa, Serbiýa we Bolgariýa ýaly beýleki ýurtlarda häkimiýetiň başyndaky partiýalar geçen ýyl syýasy krizisleri başdan geçiripdi.
Syýasy analitik Lutki Derwişi “Hiç kim partiýanyň saýlawda şeýle uly üstünlik gazanjakdygyna garaşmaýardy. Bu Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň gowy günlerindäki ýaly ýagdaý” diýdi.














