“Germaniýa Ukraina boýunça Russiýa bilen gepleşiklere açyk, ýöne egilşik etmez”
Germaniýanyň daşary işler ministri Wadeful Germaniýanyň Ukrainany goldaýandygyny nygtamak bilen birlikde, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine ot açmagy bes etmek boýunça çynlakaý ädimler bolmazdan täze teklipler etmekden ýüz öwürdi.
Germaniýanyň daşary işler ministri Ýohann Wadeful sişenbe güni öz ýurdunyň Ukrainada durnukly parahatçylygy gazanmak boýunça Russiýa bilen gepleşiklere açykdygyny, ýöne egilşik etmejekdigini aýtdy.
Berlinde Konrad Adenauer gaznasy tarapyndan guralan “Kiýew kafesi” atly Ukraina forumynda çykyş eden Wadeful: “Ilki bilen, elbetde, Ukraina gürleşmeli. Emma biz gepleşikler geçirmäge hem taýýar. Şeýle-de bolsa, biz Moskwa gidip, has köp egilşik etmeris. Biz muny etmeris. Eger ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyk gazanylsa we gepleşikler geçirmek üçin çynlakaý isleg bolsa, elbetde, biz ol ýerde bolarys. Emma dogrymy aýtsam, biz oňa (Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine) ýalbarmaýarys. Tersine, biz akylly teklipleriň biriniň ahyrsoňy kabul edilmegine garaşýarys” diýdi.
Wadephul mysal üçin häkimiýetiň başyndaky Sosial-Demokratik partiýanyň (SPD) içinden Putine ot açmagy bes etmek boýunça gepleşikleri teklip etmek baradaky çagyryşlary ret edip, “Dialog kanallarynda ýetmezçiligi ýok. Emma Putin gürleşmek islemese, hiç bir kanalyň peýdasy bolmaz” diýdi.