Döwlet agdarylyşygyna edilen synanyşykda Erdoganyň janyna kast etmäge çalşan FETÖ agzasy ele salyndy
TÜRKIÝE
1 minut okamak
Döwlet agdarylyşygyna edilen synanyşykda Erdoganyň janyna kast etmäge çalşan FETÖ agzasy ele salyndyIçeri işler ministrligi 15-nji iýuldaky döwlet agdarylyşygy synanşygynda Marmarisde Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň janyna kast etmäge synanşan Fetullahçy Terror Guramasynyň (FETÖ) agzasy B.K-niň ele salnandygyny habar berdi.
Prezident Erdoganyň janyna kast etmäge synanşan FETÖ agzasy ele salyndy.


Içeri işler ministrliginden berilen beýannama görä, Içerı işler Baş müdirliginiň Howpsuzluk müdirliginiň utgaşdyrmagynda Afýonkarahisar we Eskişehir welaýat polisi müdirlikleriniň howpsuzlyk bölümleri tarapyndan operasiýa geçirildi.

Geçirilen işleriň netijesinde 15-nji iýuldaky döwlet agdarlyşygyna synanyşykda Prezident Erdoganyň janyna kast etmäge gatnaşan, gyzyl býulleten bilen gözlenilýän, gullukdan çykarylan kapitan we ozalky harby dikuçar uçarmany terrorçy B.K-niň bolýan ýeri anyklandy.

Terrorçy B.K. Afýonkarahisar Polis müdirliginiň Terrorizme garşy göreş bölüminiň işgärleri tarapyndan ele salyndy.

Ministrligiň beýanatynda FETÖ we onuň düzüm birliklerine garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigi nygtalýar.

Gizlin öýde ele salyndy

Şol bir wagtyň özünde, polisde derňew işleri dowam edýän B.K-niň şäher merkezindäki İnaz Deprem Öýlerindäki gurama degişli gizlin öýe guralan operasiýa wagtynda tussag edilendigi mälim boldy.

Howpsuzlyk çeşmeleri kast etmek synanyşygyndan soň tutulmazlyk üçin yzygiderli ýagdaýda keşbini üýtgedip gezen terrorçynyň galp şahsyýet resminamasyny ulanandygyny, ýüz-keşp kesgitleýiş ulgamynda hasaba alynmagy netijesinde anyklanandygyny habar berdi. Şeýle hem, birnäçe wagt bäri gözegçilik astynda saklanýan B.K-niň köp mukdarda pul serişdesı bilen daşary ýurda gaçmaga synanyşýan mahaly ele salnandygy mälim edildi.

Öwren
Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirler
Ýunus Emre Instituty Türk Dili Boýunça  Halkara Derejesinde Ykrar Edilýän Synag (TYS) Geçirýär
Prezident Rejep Taýyp Erdogan Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Yragyň Ýokary kazyýet geňeşiniň başlygy Zeýdany kabul etdi
Türkiyede adamlaryň ortaça ýaşy 78,5 ýyla ýetdi
Türkiýe ählumumy ynsanperwerlik kömeginiň gerimini giňeldýär we 85 ýurda goldaw berýär
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi
Türkiye Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryny iberdi
Yragyň Premýer ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Aýasofýanyň ybadata açylmagynyň 6-njy ýyly bilen gutlady
Türkiye ysraýylly ministriň Aksa metjidinde reýd geçirmegine reaksiýa bildirdi
Türkiyäniň AKÝA torpedosy hakyky ot açyş synagynda nyşana alnan gämini ýok etdi
Türkiye: "Biz 90 ýyl bäri Montrýo bogazlary konwensiýasyny üns bilen ýerine ýetirýäris"
Daşary işler ministri Hakan Fidan katarly kärdeşi bilen duşuşdy
Egeý deňzinde 39 migrant tussag edildi, 8-si bolsa halas edildi
Türkiýe 4 aýda 23,5 million dollarlyk doňdurma eksport etdi
Malatýanyň Battalgazi etrabynda 5 bal ululygynda ýer titredi
15-nji iýuldan soň Daşary syýasat we Türkiyäniň geljekki maksatnamalary
15-nji Iýuldan Soňky Energetika Syýasatlary
FETÖ-niň Goranmak senagatyna garşy sabotažlary we möhüm taslamalar