BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi penşenbe güni Pakistanyň demirgazyk günbatarynda polis merkeziniň golaýynda ýekşenbe güni guralan we 16 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan kamikaze hüjümini ýazgardy.
Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan berlen beýannamada, “Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary 2026-njy ýylyň 2-nji awgustynda Pakistanyň Haýber Pahtunhwa sebitiniň Swat etrabynda polis merkeziniň golaýynda guralan hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýar” diýildi.
Wakany terrorçylykly hüjüm hökmünde häsiýetlendiren we ýazgaran geňeş, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna we Pakistanyň hökümetine we halkyna gynanç bildirdi.
Pakistanyň Haýber Pahtunhwa sebitiniň Swat etrabynyň Kabal etrapçasynda ýekşenbe güni polis merkezine girmäge çalşan hüjümçi bedenindäki bombalary ýarypdy.
Pakistan hüjümden merkezi Owganystanda ýerleşýän Tehrik-i Taliban guramasynyň jogapkärdigini öňe sürýär.
Owganystan bolsa günäkärlemeleri kabul etmeýär.



















