Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Zonguldakdaky Filyos portunda geçirilen "Osman Gazy suwda ýüzýän önümçilik platformasynyň wezipä girişme dabarasyna" iberen wideo ýüzlenmesinde, Türkiýäniň baýdagynyň reňkleri bilen bezelen Osman Gazy suwda ýüzýän önümçilik platformasynyň ýurda we millete peýdaly hyzmatlar hödürlemegini Alladan dileg edýändigini aýtdy.
Prezident Erdogan 2024-nji ýylyň iýul aýynda ilkinji suwda ýüzýän önümçilik platformasyny Türkiýä getirjekdiklerini aýdandygyny we geçen ýylyň maý aýynda Dolmabahçe köşgünden Filyos şäherine "Osman Gazy" diýip atlandyran platformany iberendiklerini yglan edendigini ýatladyp: " Şu gün energiýa taryhymyzda täze bir sahypa açýarys. Suwuň üstünde ýüzýän senagat desgasy bolan Osman Gazyny öz iş ýerine, Gara deňze iberýäris. Osman Gazy Türkiýe Asyry maksatnamasynyň deňiz ekwiwalenti bolan Mawy Watanyň ilkinji febrigidir” diýip belledi.
Prezident Erdogan Osman Gazynyň uzynlygynyň 298,5 metr, ininiň 56 metr, çuňlugynyň 29,5 metr we 140 adamdan ybarat bolan suwda ýüzýän energiýa galasydygyny aýdyp:
"Düzümindäki 21 dürli enjam bilen ol Sakarýa gaz känindäki guýulardan çykarýan gazyny gaýtadan işläp, suwasty turba geçirijileri arkaly Filyos şäherine iberer. Şeýlelik bilen, Gara deňzimizdäki tebigy gaz önümçiligimiz iki esse artyp, günde 20 million kub metre ýeter we 2027-nji ýylyň başyndan başlap, her üç öý hojalygyndan biri biziň içerki tebigy gazymyzy ulanar. Oňa üstünlik arzuw edýärin. Bu öňdengörüji taslama goşant goşan ähli kärdeşlerime minnetdarlyk bildirýärin we platformada işlejek ähli işgärlere üstünlik arzuw edýärin" diýip nygtady.

















