ABŞ-nyň Wekiller Palatasy Ukraina we Ysraýyl üçin 900 milliard dollarlyk goranyş kanunyny tassyklady
ABŞ Ukraina 400 million, Ysraýylyň raketa goranyş ulgamlaryna bolsa 600 million dollar berer
ABŞ-nyň Wekiller Palatasy Ukraina we Ysraýyl üçin 900 milliard dollarlyk goranyş bujetini tassyklady / AP
ABŞ-nyň Wekiller palatasy, Pentagonyň alyp barjak syýasatlaryny kesgitleýän 900 milliard dollarlyk Milli goranmak ygtyýarnamasy kanuny (NDAA) kabul etdi.
Aşakky mejlisde 312 ses bilen kabul edilen taslama Senadyň garamagyna hödürlendi. 112 halk deputaty bolsa taslama “garşy” ses berdi.
3 müň 86 sahypalyk taslamada Başar Asad döwründe Siriýanyň hökümetine goýlan Sezar sanksiýalarynyň ýatyrylmagy bilen birlikde Ukraina 400 million dollarlyk goranyş kömeginiň berilmegi ýer alýar.
Taslamada şeýle hem Demir Gupba ulgamy ýaly raketa goranyş ulgamlary üçin Ysraýyla 600 million dollaryň berilmegi ýer alýar.