Ysraýyllylardan ybarat bolan topar TRT Habaryň işgärlerini nyşana aldylar

TRT-niň Tel-Awiwde işleýän işgärleri zamun alyndy.

By
Ysraýyllylardan ybarat bolan topar TRT Habaryň işgärlerini nyşana aldylar / TRT Arabi

Habarçy Müjahit Aýdemire we operator Samir Çellada hüjüm edildi.

Ýaýlyma sabotaž edildi.

Topar Eýranyň atan raketasynyň düşen ýerinde bolup geçen wakalar barada habar berýärdi.

Ähli kanuny rugsatnamalaryň alnandygyna garamazdan topar nyşana alyndy. Ysraýylly topar ýaýlym berilmeginiň öňüni almaga synanyşdylar.

Ýaýlym gysga möhletli kesildi.

Hüjümçiler toparyň ulagynyň öňüni motosikl bilen böwetlediler.

TRT Habaryň işgärleriniň ol ýerden çykmagyna birnäçe wagtlap rugsat berilmedi.