SYÝASAT
1 minut okamak
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Pakistan bilen Owganystan, serhetler meselesinde başdan geçirlen soň dartgynlygyň ortadan aýrylmagynda uly rol oýnan Türkiýe bilen Katara minnetdarlyk bildirdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
25 Oktýabr 2025

Stambul şäheri Pakistan bilen Owganystanyň arasynda geçirilýän ikinji tapgyr gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi bilen owgan ýolbaşçylar, gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň şenbe güni geçiriljekdigini mälim etdi.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tahir Hüseýin Andrabi, paýtagt Yslamabatda beren beýannamasynda, gepleşikleriň terroryň öňüniň alynmagyny maksat edinýändigini aýan etdi.

Andrabi “Pakistan bilen Owganystanyň arasynda 2025-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Kataryň Doha şäherinde gazanylan ylalaşygy sebitara durnuklylygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ädilen aýgytly ädim hökmünde görýäris” diýdi.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tahir Hüseýin Andrabi, “Pakistan, Owganystan tarapyndan Pakistana guralýan terrorçylykly hüjümleriň öňüni almak maksady bilen 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek gepleşikleriň nobatdaky tapgyryndan anyk netijelere garaşýar” diýdi.

Owganystandaky wagtlaýyn hökümetiň metbugat sekretary Zabihullah Müjahid, owgan wekiliýetine Içeri işleri ministriniň orunbasary Mewlewi Rahmatullah Nejibiň ýolbaşçylyk etjekdigini mälim etdi.

Owganystandaky wagtlaýyn hökümetiň metbugat sekretary Zabihullah Müjahid, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Pakistan bilen başdan geçirilýän kynçylyklar ara alnyp maslahatlaşylar” diýdi.

Müjahid owgan wekiliýetiň Kabuldan Stambula gidendigini aýtdy.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tahir Hüseýin Andrabi, serhetler meselesinde başdan geçirlen soň dartgynlygyň ortadan aýrylmagynda uly rol oýnan Türkiýe bilen Katara minnetdarlyk bildirdi

 

 

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär
Hamas ysraýylly ýesirleri boşatmaga başlady