SYÝASAT
1 minut okamak
Islandiýa Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginden çekilen bäşinji ýurt boldy
Islandiýa geçen hepde Ysraýylyň bäsleşige gatnaşyp gatnaşmazlygy meselesinde sese goýulşygyň geçirilmegini talap eden ýurtlardan biri.
Islandiýa Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginden çekilen bäşinji ýurt boldy
Islandiýa Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginden çekilen bäşinji ýurt boldy / AP
11 Dekabr 2025

Islandiýanyň RUW teleýaýlymy çarşenbe güni Ýewropa Ýaýlym bileleşiginiň geçen hepde Ysraýylyň 2026-njy ýylda geçiriljek Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmagyna rugsat bermeginden soň bäsleşikden çekilýändiklerini mälim etdi.

Ysraýylyň maý aýynda Wenada geçiriljek Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmagyna rugsat berilmegi baradaky karardan soň Ispaniýa, Gollandiýa, Irlandiýa we Sloweniýa Ysraýylyň Gazadaky genosidine garşylyk görkezmek maksady bilen bäsleşikden çekilendiklerini aýan edipdi.

RUW teleýaýlymynyň Baş müdüri Stefan Eiriksson mesele hakynda beren beýannamasynda “Ýurdumyzda Ýewropa Ýaýlym bileleşiginiň geçen hepde kabul eden kararyna görkezilýän garşylyklar sebäpli biz bäsleşige gatmazlyk barada karar kabul etdik” diýdi.

Islandiýa geçen hepde Ysraýylyň bäsleşige gatnaşyp gatnaşmazlygy meselesinde sese goýulşygyň geçirilmegini talap eden ýurtlardan biri.

Ýewropa Ýaýlym bileleşigi hökümetleriň bäsleşige ýetirýän täsiriniň öňüni almak maksady bilen täze düzgünleriň girizilendigini mälim etdi we Ysraýylyň bäsleşige gatnaşyp gatnaşmazlygy meselesinde sese goýulşygyň geçirilmegini kabul etmedi.

Islandiýa Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiji bolup bilmedi emma 1999-2009-njy ýyllaryň aralygynda ikinji boldy.

Ýewropa Ýaýlym bileleşigine görä, Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigi 1956-njy ýyldan bäri geçirilýär we bäsleşige 160 million adam tomaşa edýär.