Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý Prezident R. T. Erdogan bilen howpsuzlyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Stambula geldi.
Zelenskiý duşuşygyň öňüsyrasynda beren beýannamasynda duşuşykda asuda ilatyň goralmagy, durnuklylygyň güýçlendirilmegi we Ýewropa bilen birlikde Ýakyn Gündogaryň howpsuzlygy meselesi hakynda pikir alyşjakdygyny aýtdy.
Zelenskiý Prezident Erdoganyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginden bir gün soň Stambula geldi.
Putin Ukrainany Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda ýerleşýän we Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün edýän turba geçirijini nyşana almakda günäkärläpdi.
Stambulda Dolmabahçe köşgünde geçiriljek duşuşyk üçin berk howpsuzlyk çäreleri görüldi.
Dolmabahçe köşgü ozal Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçirlen gepleşiklere ýer eýeçiligini edipdi.
















