DÜNÝÄ
2 minut okamak
ABŞ bilen Ysraýyl, Eýranyň ýadro mümkinçiligi barada tapawutly garaýşa eýe
Waşington, Eýranyň atom bombasyny öndürmegi üçin azyndan 2-3 ýylyň gerekdigine ynanýar, emma Ysraýyl bu howpyň has ir ýüze çykjakdygyny öňe sürýär.
ABŞ bilen Ysraýyl, Eýranyň ýadro mümkinçiligi barada tapawutly garaýşa eýe

ABŞ bilen Ysraýylyň arasynda Eýranyň ýadro mümkinçiligi barada garaýyş tapawutlylygy bar. ABŞ-nyň razwetka gullugyna görä, Tähranyň atom bombasyny öndürmek üçin ýene-de birnäçe ýyl gerek, emma Tel-Awiw şol howpyň ýakyn wagtda ýüze çykjakdygyny nygtaýar.

CNN-niň berýän habaryna görä, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Eýranyň atom bombasyny öndürmek baradaky işleriniň depgini güýçlendirendigini öňe sürýär we Ysraýylyň Eýranyň ýadro desgalaryna we harby infrastruktuasyna garşy hüjüm gurandyklaryny mälim etdi.

CNN mesele barada 4 çeşmä esaslanýan başga bir habarynda bolsa, ABŞ-nyň rezwatka gullugynyň Eýranyň atom bombasyny öndürmek üçin işe girişendigine ynanmaýar we ony öndürmek üçin azyndan 2-3 ýylyň gerekdigini nygtaýar.

Soňky hüjümlerde Natanz ýaly ýadro desgasyna zeper ýetirildi emma berk gözegçilik astyna alynan Fordo urany kämilleşdiriş desgasy öz işini dowam etdirýär.

Hünärmenlere görä, Ysraýylyň Fordo desgasyny nyşana almagy üçin ABŞ-da öndürlen ýaraglar bilen birlikde howa goldawy gerek.

Brett MjJurk “Ysraýyl şol ýadro desgalarynyň üstünde uçup biler, olara zeper ýetirip biler emma olary dolulygyna hatardan çykmak isleýän bolsa ABŞ-nyň harby taýdan goldaw bermegi üçin ylalaşyk gazanylmaly” diýdi.

Tramp howpsuzlyk gullugynyň maglumatlaryny äsgermeýär

Tapawutly garaýyşlar Trampyň administrasiýasy üçin uly kynçylyk döretdi. Olar dartgynlygy möwjetmekden gaça durmaga synanşýar, beýleki tarapdan bolsa şol bir wagtda degişli gaýtawulyň görkezilmegi üçin taýarlyk görýar.

Milli howpsuzlyk gullugynyň direktory Tulki Gabbar mart aýynyň başynda beren beýannamasynda howpsuzlyk gullugynyň Eýranyň atom bombasyny öndürýändigine ynanmaýandygyny mälim edipdi.

Gabbaryň beýannamasyna äsgermezçilik eden Tramp “Men onuň näme diýendigine üns bermeýärin. Men Eýranyň ýakynda ýadro ýaragyna eýe boljakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Sebitdäki dartgynlyk anna güni Ysraýylyň Eýranda ýadro desgalaryna we harby merkezlere guran howa hüjümlerinden soň Tähranyň degişli gaýtawuly görkezmeginden soň has-da möwjedi.

Ysraýylly ýolbaşçylar, Eýranyň raketa hüjümlerinde azyndan 24 adamyň ýogalandygyny we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Eýran bolsa Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde azyndan 224 adamyň ýogalandygyny, 1000-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýan etdi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Saud Arabystanynda Şa Halid howa menziline guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Türkiýe, Müsür, Pakistan we Saud Arabystany bilelikdäki beýanatda Husileriň hüjümlerini ýazgardylar
Zelenskiý Russiýanyň ylalaşygy kabul eden halatynda, Ukrainada saýlawlaryň geçiriljekdigini aýtdy
Riýad howa menzilinde guralan hüjümde 12 adam ýogaldy, 309 adam ýaralandy
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Kreml: Putin Eýranyň çaknyşygy çözmek bilen bagly beren teklibini Trampa ýetirdi
Russiýa Odessa portuna harby ýükleri alyp barýan ýük gämisine hüjüm gurandygyny habar berdi
Panamada ýer titremesinden soň uly betbagtçylyk yglan edildi
Nobeliň Parahatçylyk baýragy halkara hukugy boýunca işleri üçin Nawi Pillaýa berildi
Ukraina BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahatyny çagyrdy
Meksikada tussaghanada bolan gozgalaňda 10 adam öldi, 16 adam ýaralandy
ABŞ-nyň Eýran urşunda 81 harby uçary ýitdi ýa-da düýpli zeper ýetdi
BMG: El Nino Ýuwaş ummanyndaky ýylylygy rekord derejelere ýetirip biler
Fransiýada protestler dowam edýär
Trampyň aralyk saýlawyndan öň Eýrana garşy harby operasiýa geçirmegi meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
Husiler Saud Arabystanynyň howa menzillerine we harby bazalaryna hüjüm gurandyklaryny habar berýär
Russiýa Sibirde işgäriň ölüminden soň, gyrgyn keseline garşy çäreleri  görendigini ret etdi
Zelenskiý: Moskwa Ukraina garşy “giň gerimli hüjüme” taýýarlyk görýär
Wilson: Mekge Goranmak Bileleşiginiň Ýakyn Gündogaryň NATO-syna öwrülmek potensialy bar
Bolgariýada ençeme edarada bombanyň bardygy barada habarlar gelip gowuşdy