TÜRKIÝE
1 minut okamak
NATO Eýranyň Türkiyä tarap barýan ballistik raketasyny täsirsiz ýagdaýa getirdi
Ankara parahatçylyk ugrundaky tagallalaryny dowam etdirip, milli howpsuzlygyny goramaga taýýardygyny beýan edýär.
NATO Eýranyň Türkiyä tarap barýan ballistik raketasyny täsirsiz ýagdaýa getirdi
NATO Eýranyň Türkiyä tarap barýan ballistik raketasyny täsirsiz ýagdaýa getirdi
Duş 2 Ýek

Türkiyäniň Goranmak ministrliginiň resmileri çarşenbe güni NATO-nyň howa goranyş güýçleriniň Eýran önümi bolan we Türkiyä tarap gönükdirilen ballistik raketany anyklap, ony ot açyp täsirsiz ýagdaýa getirendigini habar berdiler.

Raketa Yragyň we Siriýanyň territoriýasyndan geçenden soň, Türkiyäniň howa giňişliginiň çäklerinden daşarda urlup düşürildi.

Milli Goranmak ministrligi howadaky howpy ýok etmek üçin ulanylýan raketanyň bir böleginiň Hataý welaýatynyň Dörtýol etrabynda düşendigini mälim etdi.

Adam pidalary ýa-da ýaralananlar barada maglumat berilmedi.

Ankara milli howpsuzlygy goramak ygtyýarynyň we mümkinçilikleriniň iň ýokary derejededigini belläp, Türkiyäniň sebitleýin durnuklylygy we parahatçylygy goldaýandygyny, şeýle hem öz territoriýasyny we raýatlaryny ähli howplardan doly goramaga ukyplydygyny nygtady.

Resmiler islendik duşmançylykly herekete aýgytly jogap beriljekdigini duýdurdylar we ähli taraplary çaknyşygy has-da güýçlendirip biljek hereketlerden saklanmaga çagyrdylar.

Türkiye şeýle hem NATO we onuň hyzmatdaşlary bilen geňeşmeleri dowam etdirjekdigini aýan etdi.

Türkiyäniň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran: “Sebitde dartgynlylygy güýçlendirip, çaknyşyklaryň has giň sebite ýaýramagyna sebäp bolup biljek ädimlerden gaça durmak üçin ähli taraplara duýduryşymyzy ýene-de bir gezek gaýtalaýarys” diýdi.

Ol şeýle hem, sosial media ulanyjylaryndan tassyklanmadyk maglumatlary paýlaşmazlygy isledi.

Ol şeýle-de sosial media ulanyjylaryny tassyklanmadyk maglumatlary paýlaşmazlyga çagyrdy.