TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan Al-Faşirdäki asuda ilat gyrgynçylygyny ýazgardy
Erdogan Sudanyň territorial bütewiliginiň we garaşsyzlygynyň goralmalydygyny aýtdy we ynsanperwer kömegini we galkynyş ugrundaky goldawyny dowam etdirjekdigine söz berdi.
Prezident Erdogan Al-Faşirdäki asuda ilat gyrgynçylygyny ýazgardy
Rejep Taýýip Erdogan

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Sudanyň Al-Faşir sebitinde bolan gyrgynçylyklary berk tankyt edip, Afrika ýurdunyň territorial bütewiligini we özygtyýarlylygyny goramagyň zerurdygyny nygtady.

Erdogan duşenbe güni Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ykdysady we Söwda Hyzmatdaşlyk boýunça Hemişelik Komitetiniň (COMCEC) 41-nji mejlisiniň açylyşynda çykyş edip: “Göwresinde daş däl-de, ýürek göterýän hiç kim Al Faşirde asuda ilata gönükdirilen ýakynda bolan gyrgynçylyklary kabul edip bilmez; biz bu barada dymyp bilmeris” diýdi.

Sudanyň territorial bütewiligini, özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny goramagyň zerurdygyna ünsi çeken Erdogan, Sudanyň halkynyň ýanynda durmagyň möhümdigini nygtady we yslam dünýäsini gan döküşikligi dessine bes etmek üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga çagyrdy.

Prezident Erdogan: “Bu kyn günlerde Sudan halkynyň ýanynda bolmagymyz we ynsanperwer kömegimizi we galkynyş ugrundaky goldawymyzy dowam etdirmegimiz möhümdir” diýdi.

"Ysraýylyň örän erbet delosy bar"

Gaza urşunyň üstünde durup geçen Erdogan Hamas toparynyň ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga eýermekde berk tutanýerli görünýändigini, ýöne Ysraýylyň örän erbet görkezijilere eýe bolandygyny aýtdy.

Erdogan Ysraýylyň Gazadaky ýaraşyk ylalaşygyndan bäri 200-den gowrak bigünä adamy gyrandygyny, Günbatar Şeriadaky basyp alyşlygyna we hüjümlerine arakesme bermeýändigini belläp: “Biz Günbatar Şerianyň anneksiýasyna, Iýerusalimiň statusynyň üýtgemegine, ilkinji kyblamyz bolan Al-Aksa metjidiniň mukaddesligine zyýan ýetirjek hiç hili synanyşyga ýol berip bilmeris” diýdi.

Öwren
Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirler
Döwlet agdarylyşygyna edilen synanyşykda Erdoganyň janyna kast etmäge çalşan FETÖ agzasy ele salyndy
Ýunus Emre Instituty Türk Dili Boýunça  Halkara Derejesinde Ykrar Edilýän Synag (TYS) Geçirýär
Prezident Rejep Taýyp Erdogan Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Yragyň Ýokary kazyýet geňeşiniň başlygy Zeýdany kabul etdi
Türkiyede adamlaryň ortaça ýaşy 78,5 ýyla ýetdi
Türkiýe ählumumy ynsanperwerlik kömeginiň gerimini giňeldýär we 85 ýurda goldaw berýär
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi
Türkiye Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryny iberdi
Yragyň Premýer ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Aýasofýanyň ybadata açylmagynyň 6-njy ýyly bilen gutlady
Türkiye ysraýylly ministriň Aksa metjidinde reýd geçirmegine reaksiýa bildirdi
Türkiyäniň AKÝA torpedosy hakyky ot açyş synagynda nyşana alnan gämini ýok etdi
Türkiye: "Biz 90 ýyl bäri Montrýo bogazlary konwensiýasyny üns bilen ýerine ýetirýäris"
Daşary işler ministri Hakan Fidan katarly kärdeşi bilen duşuşdy
Egeý deňzinde 39 migrant tussag edildi, 8-si bolsa halas edildi
Türkiýe 4 aýda 23,5 million dollarlyk doňdurma eksport etdi
Malatýanyň Battalgazi etrabynda 5 bal ululygynda ýer titredi
15-nji iýuldan soň Daşary syýasat we Türkiyäniň geljekki maksatnamalary
15-nji Iýuldan Soňky Energetika Syýasatlary