TÜRKIÝE
1 minut okamak
Daşary işler ministrligi Mladiç üçin jaýlama çäresiniň geçirilmegine reaksiýa bildirdi
Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Önjü Keçeli Srebrenisa gyrgynçylygynyň esasy jogapkärlerinden biri bolan Ratko Mladiç üçin harby çäre geçirilmegine reaksiýa bildirdi.
Daşary işler ministrligi Mladiç üçin jaýlama çäresiniň geçirilmegine reaksiýa bildirdi
Ratko Mladiç

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Önjü Keçeli sosial media hasabynda Srebrenisa gyrgynçylygynyň esasy jogapkärlerinden biri, “Bosniýa gassaby” lakamly Ratko Mladiç üçin jaýlama çäresiniň geçirilmegi bilen bagly habarnama berdi.

Keçeli öz paýlaşan habarnamasynda: “Gyrgynçylyk, adamzada garşy jenaýatlar we harby jenaýatlary üçin halkara kazyýetler tarapyndan gutarnykly höküme laýyklykda günäli diýlip ykrar edilen Ratko Mladiçiň jaýlama çäresiniň amala aşyrylan agyr jenaýatlaryň we çekilen gumanitar jebir-jepalarynyň inkär edilmegini alamatlandyrýan görnüşde guralmagy kabul ederlikli däldir” diýip, belledi.

“Parahatçylyk we düşünişmeklik ugrunda alnyp barylýan tagallalara zyýan ýetirýär”

Keçeli degişli kazyýet kararlarynyň ret edilmeginiň ýa-da günäli diýlip ykrar edilen jenaýatçylaryň gahrymanlaşdyrylmagyna synanyşylmagynyň pidalaryň we olaryň hossarlarynyň çekýän jebir-jepalaryny has-da agyrlaşdyrýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hereketleriň sebitde parahatçylygy we ylalaşygy üpjün etmek ugrunda ençeme ýyl bäri tutanýerlilik bilen edilýän tagallalara zyýan ýetirýändigini nygtady.

Keçeli Balkanlaryň taryhdan degişli netijeleri çykaryp, parahat, abadan we umumy geljegi bilelikde gurmalydygyny nygtady. Ol, ilkinji nobatda, Srebrenisa gyrgynçylygynyň pidalary bilen birlikde, Bosniýa urşunda wepat bolan ähli bigünä adamlary hormat bilen hatyralaýandygyny we olaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýändigini aýtdy.