YKDYSADYÝET
1 minut okamak
Türkiýe bilen Russiýa oba hojalyk pudagy boýunça ýakyndan gatnaşyk edýär
Russiýanyň Oba hojalyk ministri Oksana Lut, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky oba hojalyk önümleri söwdasynyň geçen ýyl 6 milliard dollara barabar bolandygyny aýtdy.
Türkiýe bilen Russiýa oba hojalyk pudagy boýunça ýakyndan gatnaşyk edýär
Türkiýe bilen Russiýa oba hojalyk pudagy boýunça ýakyndan gatnaşyk edýär

Russiýanyň Oba hojalyk ministri Oksana Lut, paýtagt Moskwada geçirlen II Halkara Weterinariýa howpsuzlygy forumynyň çäginde metbugata beýannama berdi.

Ýurtlaryň biri-birine tapawutly önüm satýandygyna ünsi çeken Lut, “Türkiýe bilen Russiýa oba hojalyk pudagy taýdan ýakyndan gatnaşyk edýär. Türkiýä umuman alnanda galla, ýagly tohumlar we ýag önümlerini eksport edýäris. Türkiýeden bolsa gök we miwe önümlerini alýarys” diýdi.

Russiýanyň Oba hojalyk ministri Oksana Lut, türk ýaranlaryny “Russiýanyň durnukly ýaranlary” hökmünde häsiýetlendirdi.