Russiýaly resmiler penşenbe howa goranyş ulgamlarynyň uzakly gije Ukraina degişli 113 drony urup düşürendigini habar berdi.
Dronlardan bäriniň ýurduň demirgazyk günbatarynda nebiti gaýtadan işläp çykarýan zawody nyşana alandygy we ýangyna sebäp bolandygy nygtaldy.
4 ýyldan bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi maksady bilen taraplaryň arasynda çarşenbe güni Ženewada ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde geçirlen we iki gün dowam eden gepleşikler tamamlandy.
Taraplar gepleşigi “kyn” hökmünde häsiýetlendirdi we hiç hili öňe gidişligiň edilmändigini mälim etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, rus güýçleriniň Ukrainanyň 113 dronyny hatardan çykarandygy ýatladyldy.
Şäher häkimi Mihail Wedernikow hüjümde Moskwanyň 500 kilometr günbatarynda ýerleşýän Welikiýe Lukidee nebiti gaýtadan işläp çykarýan zawodyň nyşana alynandygyny we hüjümiň nebit ammarynda ýangyna sebäp bolandygyny aýtdy. Wedernikow, hüjümde adam pidasynyň çekilmändigini nygtady.
4 ýyldan bäri her gün diýen ýaly rus hüjümlerine sezewar bolýan Ukraina bolsa nebiti gaýtadan işläp çykarýan zawotlara we rus portlaryna hüjümler guraýar.
















