Trampyň nyşanasyndaky Hark adasy hakda nämeler bilinýär?
DÜNÝÄ
2 minut okamak
Trampyň nyşanasyndaky Hark adasy hakda nämeler bilinýär?ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp iki ýurduň arasynda geçirilýän ýaraşyk gepleşikleriniň çykgynsyzlaşmagyndan soň, ABŞ-nyň Eýrandaky Hark adasyny we nebit infrastrukturasyna degişli desgalaryny gözegçilik astyna aljakdygyny mälim etdi.
Hark adasy, Eýranyň nebit eksport senagatynyň ýüreginde, dar Hürmüz bogazynyň has demirgazygynda, Pars aýlagynda ýerleşýär. (AFP arhiwi)

Eýranyň kenarlaryna golaý ýerleşýän we merjen gaýalaryndan emele gelýän  ada, ýurduň çig nebit eksportynyň takmynan 90 göterimini üpjün edýändigi sebäpli Tähran üçin örän möhüm ykdysady çeşmedir.

Tramp özüniň “Truth Social” platformasy arkaly beren habarnamasynda: «Uzak bolmadyk geljekde Hark adasyny we beýleki nebit infrastruktura nokatlaryny gözegçilik astyna alyp, Wenesuelada bolşy ýaly, nebit we gaz bazarlarynyň doly gözegçiligini ele alarys» diýip ýazdy. Sebitdäki töwellaçy taraplaryň dialog çagyrlaryny berýän günlerinde berilen habarnama dartgynlygy hasam güýçlendirdi.

Hark adasy näme we näme sebäpden möhüm?

Eýranyň kenarynda ýerleşýän we eýeleýän meýdany boýunça Nýu-Ýork şäherindäki Manhetteniň takmynan üçden bir bölegine deň gelýän Hark adasy, amerikan resmileri tarapyndan «Eýranyň nebit üpjünçiliginiň merkezi» hökmünde häsýetlendirilýär.

Adanyň çuň suw giňişligindäki uzyn duralgalary iri nebit tankerleriniň durmagyna mümkinçilik döredýär. ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) 1984-nji ýylda taýýarlan gizlin hasabatlarynda hem şolbu desgalaryň Eýranyň ykdysady abadançylygy üçin möhüm ähmiýete eýedigi nygtalýärdy.

Halkara Energetika Gullugy (IEA) Ormuz bogazyndan geçmeýän alternatiw eksport ugurlarynyň çäklidigini we giň gerimde synagdan geçirilmändigini beýan edýär. Şeýle hem adanyň nebit ammarlaýyş kuwwatynyň takmynan 30 million barrele barabardygy çak edilýär.

Eýran ABŞ-nyň guramagy ähtimal hüjümine garşy taýýarlyk gördümi?

ABŞ-nyň aňtaw çeşmeleriniň maglumatlaryna görä Eýran adanyň gözegçiligini ele geçirmek guralmagy ähtimal operasiýa garşy sebite goşmaça harby güýçleri we howa goranyş ulgamlaryny ornaşdyrdy. Şeýle hem goranyş mümkinçilikleriniň hataryna eginden atylýan raketa ulgamlarynyň (MANPADS) hem goşulandygy habar berildi.

ABŞ bu ada zaol hüjüm etdipmidı?

ABŞ-nyň goşuny Hark adasyna öň hem birnäçe gezek harby operasiýa gurandygyny mälim edipdi. Tramp mart aýynda adadaky ähli harby pozisiýalaryň urlandygyny aýdypdy, aprel aýynyň başynda bolsa käbir harby nokatlaryň gaýtadan nyşana alnandygy tassyklanypdy. Şeýle-de bolsa, bu hüjümlerde nebit infrastruktura desgalarynyň gönüden-göni nyşana alynmandygy aýdylýar.

Ak Tamyň resmileri Hark adasynyň gözegçilik astyna alynmagynyň Eýranyň Ynkylap Goragçylarynyň ykdysady mümkinçiliklerine uly zarba urjakdygyny we urşuň gysga möhletde gutarmagyny üpjün edip biljekdigini öňe sürýärler.

Pentagon we hökümet resmileri muňa garamazdan, şeýle operasiýa üçin uly guryýer goşunlarynyň gerek bolmagy hem-de ýokary töwekgelçilik derejesi sebäpli seresaply çemeleşmäge dowam edýärler.