SYÝASAT
2 minut okamak
Ukrainanyň Russiýa guran dron hüjüminde 3 adam ýogaldy
Ukraina front liniýasyndan alysda ýerleşýän rus logistika merkezlerine guraýan hüjümlerini artdyrýar.
Ukrainanyň Russiýa guran dron hüjüminde 3 adam ýogaldy
Ukrainanyň Russiýa guran dron hüjüminde 3 adam ýogaldy / Reuters

Russiýaly ýolbaşçylaryň penşenbe güni beren beýannamasyna görä, Ukrainanyň Russiýanyň Rostow-on-Don port şäherine we golaýyndaky Batýask şäherçesine guran dron hüjüminde ýük gämisiniň iki ekipažy bilen birlikde 3 adam ýogaldy.

Rostowyň gubernatory Ýuri Slýasar, uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümiň Russiýanyň harby ýangyç ýollary taýdan uly ähmiýete eýe bolan Rostow-on-Don port şäherindäki logistiki merkezde garaşýan gäminiň ýanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Ýangynyň söndürlendigini, emma ekipaždan 3 adamyň ýaralandygy nygtaldy.

Rostowyň gubernatory Ýuri Slýasar Telegramdan beren habarnamasynda, Rostow-on-Don port şäheriniň günortasynda ýerleşýän Bataýska guralan başga bir hüjümde bolsa ýaşaýyş jaýlarynyň nyşana alynandygy sebäpli 7 adamyň ýaralanandygyny nygtady.

Ýolbaşçylar hüjümler sebäpli çekilen ýitginiň anyklanylmagy üçin sebite ýörite toparyň ugradylandygyny mälim etdi.

Serhetaşa dron söweşleri

Bu hüjümler Ukraina bilen Russiýanyň arasynda serhetaşa dron söweşiniň artýan günlerinde guraldy.

Ukraina soňky aýlarda Russiýanyň çetki sebitlerinde ýerleşýän portlary, ýangyç ammarlaryny we aragatnaşyk ýollaryny nyşana almaga dowam edýär.

Ukraina şol sebitleriň Moskwanyň söweş ukubynyň azalmagy taýdan möhümdigini nygtaýar.

Russiýanyň merkezi bilen Ukrainanyň basyp alyşlygy astyndaky sebitleriň arasynda strategik geçelge bolan Rostow-on-Don şäheri, harby merkezleri, howa menzilleri we demir ýol liniýalary sebäpli ýygy-ýygydan nyşana alynýar.

Bataýsk bolsa uly senagat kärhanalaryna ýer eýeçiligini edýär.

Russiýa Ukrainany asuda ilata we söwda gämilerine wehim salmakda günäkärleýär.

Ukraina bolsa dron hüjümleri arkaly Russiýanyň Ukrainadaky şäherlere, energiýa desgalaryna we portlaryna guraýan hüjümlerine degişli gaýtawulyň görkezilýändigini nygtaýar.

 

 

 

 

Öwren
Prezident Erdogan BMG-nyň münberinde dünýä ýurtlaryna ýüzlener
Russiýada parlament saýlawlary geçirilýär
Irlandiýa Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygy sebäpli Euroviziýa boýkotyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
“Şugün kabul edilen kararlar strategik deňagramlylygy kesgitlär”
Türkiýe Husileriň Mekge şäheriniň golaýyna guran hüjümini ýazgardy
ABŞ Palestiniň Prezidenti Mahmud Abbasa wiza bermedi
Fidan: “Türkiýe bilen Azerbaýjan ýerleşýän sebitinde iki durnuklylyk adasy”
ABŞ-da Eýrana guralýan hüjümleriň bes edilmegini maksat edinýän taslama tassyklandy
ABŞ bilen Siriýa özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara howpsuzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy
Somalide Türkiýä minnetdarlyk ýörişi geçirildi
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Daşary işler ministri Fidany kabul etdi
Erdogan: “Halkymyzy howplardan goradyk”
Türki döwletleriň arasynda “TÜRKPOL” döredilýär
Tramp: “Respublikaçylar araky saýlawlarda ses bermese dowzaha giderler”
Tramp 11-nji sentýabr hüjümleriniň 25-nji ýylynda Pentagonda hatyralama çäresini geçirer
Türkiýe Siriýa gynanç bildirdi
Britaniýanyň Premýer-ministri: “Gazada başdan geçirilýän wakalara dymmak bilen syn edip bilmeris”
Ysraýylda çap edilýän gazet karzly amerikalylar üçin Eýrany basyp almagy teklip etdi
Erdogan: Türkiýe Eýran-ABŞ dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu: “Biziň esasy wezipämiz Eýranyň hökümetini agdarmak”