Lukoil, ABŞ-nyň we Britaniýanyň sanksiýalary sebäpli daşary ýurt emlaklaryny satmaga taýarlanýar
Lukoil, ABŞ-nyň Gazna ministrliginiň belli döwür üçin çäklendirlen amallara rugsat berýän ýapylma ygtyýarnamasynyň çäginde emlak satuwynyň geçirilýändigini aýdýar.
Rus energetika firmasy Lukoil, ABŞ-nyň we Britaniýanyň täze sanksiýalary sebäpli daşary ýurt emlaklaryny satmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.
Firma tarapyndan berlen beýannamada “PŽSJ Lukoil, firma we şäriklerine garşy käbir ýurtlar tarapyndan goýlan çäklendiriji çäreler sebäpli daşary ýurt emlaklaryny satmagy meýilleşdirýär” diýildi.
Beýannamada alyjylardan gelen teklipleriň seljerilmäge başlanandygy nygtaldy.
Firma emlak satuwynyň ABŞ-nyň Gazna ministrligi tarapyndan berlen belli döwür üçin çäklendirlen amallara rugsat berýän ýapylma ygtyýarnamasynyň çäginde geçirilýändigini nygtaýar.
Uly sanksiýalar
Waşington, Russiýanyň energetika pudagyny nyşana alýan täze embargolarynyň çäginde Lukoil we Rosneft bilen birlikde 34 şärigine uly sanksiýa goýdy.
Sanksiýalaryň Prezident Donald Trampyň Russiýa garşy alyp barýan syýasatlarynyň çäginde goýlandygy nygtaldy.
Britan hökümeti hem oktýabr aýynyň ortasynda Lukoil firmasyny sanksiýa sanawyna degişli edendigini mälim etdi.
Lukoiliň bazar gymmaty sanksiýalar sebäpli geçen hepde pese gaçdy we firma 3,7 milliard dollar ýitirdi.
Hünärmenler soňky sanksiýalaryň Russiýanyň energetika pudagyna uly zeper ýetirjekdigi barada duýduryş berdi.