DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ormuz bogazyndan soňky 24 sagatda 33 gämi geçdi
Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny soňky 24 sagatda Ormuz bogazyndan 33 gäminiň geçendigini habar berdi.
Ormuz bogazyndan soňky 24 sagatda 33 gämi geçdi
Ormuz bogazyndan soňky 24 sagatda 33 gämi geçdi

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Ynkylap goragçylary goşunyna esaslanýan habaryna görä, soňky 24 sagatda Ormuz bogazyndan nebit tankerleri, konteýner gämileri we söwda gämileri bilen birlikde jemi 33 gämi geçdi.

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny 21-nji maýda 31, 22-nji maýda 35, 23-nji maýda bolsa 25 gäminiň Ormuz bogazyndan geçendigini mälim edipdi.

Eýran ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda bilelikdäki hüjümleri bilen başlan söweşden soň halkara energiýa bazarynyň stategiýa taýdan esasy geçelgesi bolan Ormuz bogazyny ýapypdy.

ABŞ bilen Eýranyň arasynda 8-nji aprelde atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanylypdy.

Ylalaşykdan soň Pakistanyň töwellaçylyk etmeginde taraplaryň arasynda geçirlen gepleşigiň netijesiz tamamlanmagyndan soň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 13-nji aprelde Eýranyň deňizleriniň gabaw astyna alynandygyny mälim etdi.

Eýran 17-nji aprelde Liwanda atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanylmagyndan soň Ormuz Bogazynyň Eýranyň deňiz güýçleri bilen aragatnaşyk saklanmagy şerti bilen söwda gämileriniň geçmegine rugsat berjekdigini mälim edipdi, emma ABŞ-nyň deňiz gabawynyň dowam etjekdigini aýan edendigi sebäpli bogazdan geçýän gämileri çäklendirjekdigine ünsi çekdi.

ABŞ şol etapda Oman deňzinde we Hindi okeanynda Eýrana degişli käbir söwda gämilerine hüjüm edipdi.

Eýran hem Ormuz Bogazynyň golaýynda Ysraýyl bilen arabaglanşykly käbir gämileri ele geçiripdi.

 

 

Öwren
Ukrainanyň UHU-lar bilen guran hüjümlerinde Moskwadaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda zeper ýetdi
ABŞ, Ýakyn Gündogar üçin howpsuzlyk duýduryşyny çap etdi
ABŞ Ukraina 2,68 milliard dollarlyk harby enjam satar
Kongoda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 577 adama ýetdi
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär
Eýran Keşm adasynda ABŞ-na degişli drony urup düşürendigini habar berdi
Los-Anjelesde bolan dikuçar heläkçiliginde üç adam ýogaldy
Russiýa: "Älem giňişliginde ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak üçin gyssagly anyk ädimler edilmeli"
Ysraýyl ýaralanan lukmançylyk işgärine kömek etmäge gelen palestinaly çagany bombalap öldürdi
Ummanyň golaýynda nyşana alynan nebit tankeriniň 2 ekipažyndan hiç hili habar ýok