TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiýe Gazada atyşyň bes edilmegine kanagatlanma bildirdi
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi çap eden beýannamasynda Gazada ylalaşygyň gazanylmagyna kanagatlanma bildirip, töwellaçylara sagbolsun aýtdy.
Türkiýe Gazada atyşyň bes edilmegine kanagatlanma bildirdi
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi
9 Oktýabr 2025

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi çap eden beýannamasynda Gazada ylalaşygyň gazanylmagyna kanagatlanma bildirip, töwellaçylara sagbolsun aýtdy; iki döwletli çözgüt ýoly bilen gaýtadan dikeldiş işleriniň alynyp barylmalydygyny we durnukly parahatçylygyň ýola goýulmalydygyny nygtady.

Ministrlik penşenbe güni çap eden beýanammasynda Gazada ylalaşygyň bes edilmegine kaganatlanma bildirip, onuň “syňky iki ýyldan bäri dowam edýän genosidi bes etdirmegini umyt edýändigi” nygtaldy.

Ministrlik beýanatynda atyşygyň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň doly berjaý edişmegine garaşýandyklaryny nygtao; “Atyşygyň bes edilmegi bilen bilelikde gumanitar betbagtçylykdan ejir çekýän Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin dessine işe girişilmegi höknanydyr. Türkiýe gelejekde-de Gaza uly mukdarda ynsanperwer kömegini bermäge dowam eder” diýilýär.

Ýakyn Gündogarda durnukly parahatçylygyň diňe Ysraýyl-Palestin meselesiniň adalatly çözülmegi arkaly ýola goýulyp bilinjekdigine üns çekilýän beýannamada; “Ylalaşyk boýunça gepleşiklerde ýetilen sepgidiň gelejekde iki döwletli çözgüdiň iş ýüzüne geçirilmegine hem goşant goşjakdygyny umyt edýäris” diýilýär.

Beýannamada şeýle hem; “Kataryň, Müsüriň we ABŞ-nyň gepleşiklerde eden tagallalaryna kanagatlanma bildirýäris. Türkiýe ýaraşyk ylalaşygynyň iş ýüzüne geçirliş tapgyryna işjeň gatnaşjakdygyny we goldaw berjekdigini ýene-de bir gezek nygtaýar” diýilýär.

Trampyň parahatçylyk meýilnasy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ysraýyl bilen Hamasyň ABŞ tarapyndan teklip edilen Gaza meýilnamasynyň birinji tapgyrynyň kabul edilendigini beýan etdi.

29-njy sentýabrda yglan edilen 20 maddadan ybarat meýilnama palestinli tussaglaryň öwezinde ähli ysraýylly ýesirleriň boşadylmagyny, atyşyň bes edilmegini, Hamasyň ýaragsyzlandyrylmagyny we Gazanyň gaýtadan dikeldilmegini öz içine alýar.

2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan we Zenanlardan ybarat 67,200 palestinli öldürildi.

Üznüksiz bombardyman Gazany ýaşalmasyz ýere öwürip, agyr açlyga we keselçilige sebäp boldy.

Öwren
Türkiyäniň harby ýük uçary Gruziýa-Azerbaýjan serhediniň golaýynda heläkçilige uçrady
Fidan: ABŞ Waşingtondaky gepleşiklerden soň Siriýanyň birleşmegine bolan zerurlygyna düşündi
Erdogan: Türkiyäni güýçlendirmek Atatürkiň mirasyna hormat goýmak diýmekdir
Atatürkiň Salonikdäki öýi abatlandy
Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar
Erdogan: Owganystan bilen durnuksyz ýaraşyk dowam edýärkä türk wekiliýeti Pakistana sapar gurar
Erdogan ABŞ-nyň F-35 boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini umyt edýär
Türkiye kiber içalylyk bilen bagly geçiren reýdlerinde şübhe astyndaky iki adamy tussag etdi
Erdogan bilen Dibeýbe Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Britaniýanyň Ankaradaky ilçisi: “Türkiýe Siriýanyň galkynyşynda uly rol oýnaýar”
Türkiye Gazadaky ýaraşygyň dowam etdirilmegi barada çagyryş berdi
Türkiye Gazada ýaraşygyň ýol meýilnamasyny maslahatlaşmak üçin Stambulda Hamas bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan Finlýandiýada saparda bolýar
Altaý tanky Türkiýäniň goranyş güýji we global maksatlary üçin täze bir döwri delillendirýär
Türkiye noýabr aýynda Siriýa üstaşyr transport gatnawyny başladar
Türkiýe Gaza esger ugradylmagy meselesinde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyna görä hereket eder
Fidan: Ysraýyl Gazadaky ýaraşygy sabotaž etdi we onuň jogabyny bermeli
Erdogan: Türkiye goranyş taslamalary boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyny tizleşdir
Prezident Erdogan Al-Faşirdäki asuda ilat gyrgynçylygyny ýazgardy
Pakistan bilen Owganystan 6-njy noýabrda Stambulda gepleşikleri dowam etdirerler