SYÝASAT
2 minut okamak
Türkiye BMG ýokary kazyýetinde Ysraýylyň basyp alyşlygy bilen bagly kanuny çemeleşmesini beýan eder
Türkiye, Ysraýylyň Palestindäki hereketleri bilen baglanyşykly Halkara Kazyýet diňlenişigine beýleki 44 ýurt bilen birlikde gatnaşýar.
Türkiye BMG ýokary kazyýetinde Ysraýylyň basyp alyşlygy bilen bagly kanuny çemeleşmesini beýan eder

Diplomatik habar çeşmelerine görä, Türkiye Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmaz çarşenbe güni Halkara Kazyýetde çykyş eder.

Habar çeşmeleri Nuh Ýylmazyň Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky territoriýasynda BMG, halkara guramalar we 3-nji ýurtlaryň öňündäki jogapkärçilikleri bilen baglanşykly maslahatlaşmanyň bir tapgyry hökmünde çykyş etjekdigini mälim etdi.

BMG-nyň Baş Assambleýasy 2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Halkara kazyýetden Ysraýylyň Iýerusalimiň gündogary bilen birlikde basyp alyşlyk astyndaky Palestinanyň topraklaryndaky eden hereketleriniň kanuny netijeleri barada maslahat berýän karar kabul etdi.

Karar Ysraýylyň halkara hukugyndaky borçlaryna ünsleri jemleýär.

Aralarynda Türkiye hem bolan dünýäniň 52 ýurdy karara goldaw berdi.

Karardan soň Halkara Kazyýet BMG-na, agza döwletlere we Palestina döwletine (synçy statusyndaky) ýazmaça we dilden beýannama bermäge çagyrdy.

Türkiye 27-nji fewralda ýazmaça beýanatyny berdi.

Jemi 45 ýurt we halkara gurama ýazmaça beýannama iberdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Arap Bileleşigi we Afrika Bileleşigi hem resmi talaplar bilen ýüz tutandan soň bu işe goşulmaga rugsat berildi.

Halkara Kazyýet dilden diňlenişigi 28-nji aprel - 2-nji maý aralygynda meýilleşdirdi.

Diňlenişikde 44 ýurt we guramanyň dilden beýanat bermegine garaşylýar.

Daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmaz çarşenbe güni Türkiyäniň ýerli wagty bilen sagat 16:00-da (13: 00GMT) çemeleşmesini beýan eder.

Halkara kazyýet BMG-nyň esasy kazyýet organydyr.

Döwletleriň arasyndaky kanuny jedelleri çözýär we BMG-nyň Baş Assambleýasy ýa-da BMG-nyň beýleki ygtyýarly guramalary tarapyndan berlen kanuny soraglar boýunça maslahat beriji pikirler berýär.

BMG-na agza ähli ýurtlar Halkara Kazyýetiniň tarapdarydyr we kazyýetde iş gozgap bilerler.

Emma diňe BMG-nyň käbir organlary we guramalary maslahat garaýyşyny talap edip bilýär.

Öwren
Ministr Fidan Saud Arabystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýran: “Netanýahu tussaghana girmezlik üçin ABŞ-ny täze urşa tarap çekýär”
Tramp Ukrainanyň Russiýada ýangyç zawodlaryny nyşana almagyny tankyt etdi
Hakan Fidan YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Bagdatda geçiriljek maslahatyna gatnaşar
Türkiýe bilen birlikde 19 ýurt Kolumbiýanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ierusalime göçürmegini ýazgardy
Ukraina: "Zelenskiý Putin bilen prezident Erdoganyň töwellaçylyk etmegınde  duşuşyp biler"
HOK  Olimpiýa oýunlarynyň  2036-njy ýylda  ýerini saýlamak boýunça meýilnamasyny yglan etdi
Prezident Erdogan Stambulyň azat edilmeginiň 103 ýyllygyny gutlady
Ukraina 650 dron bilen Moskwa hüjüm gurady
Eýran: “ABŞ bilen gepleşik geçirmegiň manysy ýok”
Prezident Erdogan Türki döwletleriniň hyzmatdaşlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Eýran: Rutte, Ýewropanyň Eýran söweşindäki rolyny boýun aldy
“Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar”
Netanýahunyň BMG-däki çykyşy başlan badyna 70 ýurduň wekili zaly terk etdi
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Hytaýly kärdeşini howa menzilinde garşylady
Türkiýe, Siriýa we Saud Arabystany duşuşygy Nýu-Ýorkda geçirildi
Makron: “Gazadaky ýagdaý biziň üçin utandyryjy”
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda özara duşuşyklar geçirdi
Tramp:Gaza milliardlarça dollarlyk kömek berler
Prezident Erdoganyň BMG-däki çykyşy sanly platformalaryň gün tertibine öwrüldi