Ysraýylyň Ministrler kabineti, Gaza ylalaşygyny tassyklady, şeýlelikde hüjümleriň bes edilmegi etabynyň birinji tapgyry başlady.
Ylalaşygyň çäginde Ysraýyl Gazada saklanýan ysraýylly ýesirleriň öwezine palestinli tussaglylary boşadar, harby zolagyň kesgitlenen ýerlerinden çekiler we her gün ýüzlerçe ynsanperwer kömek konteýneriniň Gaza girmegine rugsat berer.
Ysraýylyň Ministler kabineti penşenbe güni Ysraýyl bilen Palestinli söweşjeň topar Hamasyň arasynda gazanylan taryhy ylalaşygy tassyklady.
Ysraýylyň hökümeti tarapyndan berlen beýannamada, “Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümet, Gaza Sektoryndaky söweşiň bes edilmegi we Gazadaky ysraýylly ähli ýesirleriň yzyna getirilmegi maksady bilen ylalaşygy tassyklady” diýildi.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, Baş ştabyň başlygy Eýal Zamir, Ministrler kabinetiniň agzalaryna mesele barada maglumat berdi.
Ministrler kabineti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkof bilen Trampyň giýewsi Kuşneriň Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen bolan duşuşygyndan soň öz işine başlady.
Ministrler kabinetiniň mejlisi Trampyň 20 maddalyk Gaza parahatçylyk meýilnamasy sese goýulmazdan öz işini tamamlady.
Ysraýylyň Kan teleýaýlymy, hökümetiň ylalaşygy tassyklandygyny emma aşa sagçy ministrler Itamar Ben-Gwir, Bezalel Smotriç, Ýitzak Waaserlauf bilen Amiçhai Eliýahunuň Trampyň meýilnamasyna garşy ses berendigini mälim etdi.
“Gazada urşy tamamladyk”
Türkiýäniň, Müsüriň, Kataryň we ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde Müsüriň Gyzyldeňiziň kenarynda ýerleşýän Şarm-al Şeýh şäherinde 4 gün dowam eden gepleşiklerden soň penşenbe güni ir ertir ylalaşyk gazanylandygy habar berildi.
Meýilnamanyň ikinji tapgyry, Gazada Hamasyň gatnaşmazlygynda täze dolanşyk ulgamynyň gurulmagyny, palestinliler bilen arap we musulman ýurtlaryň esgerlerinden ybarat howpsuzlyk güýjiniň sebite ornaşdyrylmagyny we Hamasyň ýaragsyzlandyrylmagyny göz öňünde tutulýar.
Arap we musulman ýurtlar meýilnama goldaw berýändiklerini mälim ettdi.
Ysraýyl hem-de Hamas ylalaşygyň birinji tapgyrynyň şertlerini doly ýerine ýetirjekdiklerini mälim etdi.
Ylalaşygyň birinji tapgyry üç madda esaslanýar: ýesirleriň we tussaglylaryň çalşylmagy, Ysraýylyň harby goşununyň kesgitlenen ýerlerden çekilmegi we Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegi.
Hamas birinji tapgyryň çäginde ysraýylly 20 ýesiriň boşadyljakdygyny we öwezine 2 müň palestinli tussaglynyň boşadylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi.
Boşadyljak tussaglylaryň arasynda söweşiň başlan gününden bäri tussag edilen esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 1700 adam bar.
Ýesirler we tussaglylar ylalaşygyň güýje girmeginden 72 sagat soň boşadylar.
29-njy sentýabrda berlen 20 maddalyk teklip, ysraýylly ähli ýesirleriň boşadylmagyny we palestinli tussaglylar bilen çalşylmagyny, Hamasyň ýaragsyzlandyrylmagyny we Gazanyň gaýtadan dikeldilmegini öz içine alýar.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp penşenbe güni ir ertir, ABŞ-nyň we gepleşiklere gatnaşan beýleki ýurtlaryň Ysraýylyň gabawy astyndaky Gazada söweşiň bes edilmeginde uly rol oýnandygyny mälim etdi.
Tramp, ysraýylly ýesirleriň duşenbe ýada sişenbe güni boşadylmagyna garaşylýandygyny we Müsürde geçiriljek ylalaşyga gol çekişlik dabarasyna gatnaşmak isleýändigini aýtdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp “Gazada urşy tamamladyk” diýdi.
Hamasyň adyndan gepleşiklere gatnaşan Halil al-Haýýa, ABŞ-nyň, arap töwellaçylaryň we Türkiýäniň Ysraýylyň Gazadaky genosidiniň doly bes ediljekdigini wada berendigine ünsi çekdi.
Beýleki tarapdan Ysraýylyň aşa sagçy Milli howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwir, Hamas dolulygyna ortadan aýrylman halatynda, partiýasynyň Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň wezipesinden çetleşdirilmegi üçin herekete geçjekdigi barada duýduryş berdi.