Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Erdogan bilen Mark Rutte şenbe güni geçiren telefon söhbetdeşliginde sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.
Prezident Erdogan ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy alyp barýan söweşi sebäpli emele gelen dartgynlygyň çuňlaşýandygy barada duýduryş berdi.
Erdogan halkara jemgyýetçigine söweşiň bes edilmegi üçin tagalla edilmegi barasynda çagyryş etdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan sebitara dartgynlygyň artmagynyň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýa taýdan tagalla edilmelidigini nygtady.
Prezident Erdogan NATO-nyň Türkiýäniň howadan goralmagy üçin berýän goldawyna ünsi çekdi.
NATO ýaňy ýakynda türk howa giňişligine guralan ballistiki raketa hüjümleriniň öňüni alypdy.
Prezident Erdogan Ankaranyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň bes edilmegi üçin tagalla edýändigine ünsi çekdi we iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň diplomatiýa arkaly çözülmelidigini belledi.
NATO-nyň döredilen gününiň 77 ýyllygyna ünsi çeken Erdogan, iýul aýynda Ankarada geçiriljek guramanyň liderler sammitinde abanýan howplara garşy möhüm kararlaryň kabul edilmegine garaşýandygyny belledi.















