TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiyäniň Innowasiýa Hepdeliginde Emeli intellekt we metbugat ara alnyp maslahatlaşyldy
Çäräniň çäginde "Emeli intellekt döwründe metbugat" atly panel geçirildi.
Türkiyäniň Innowasiýa Hepdeliginde Emeli intellekt we metbugat ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkiye Innovation Week
10 Oktýabr 2025

Türkiyäniň Eksportçylary mejlisi tarapyndan şu ýyl 12-nji gezek geçirilýän, Anadoly Agentliginiň Global aragatnaşyk hyzmatdaşy bolan, Söwda ministrligi tarapyndan goldanýan Türkiyäniň Innowasiýa Hepdeligi 2025 (Türkiye Innovation Week 2025) dowam edýär.

Haliç Kongres merkezinde "Gelejek: Şu wagt" mowzugy bilen geçirilen çäräniň çäginde "Emeli intellekt döwründe metbugat" atly panel geçirildi.

Ýazyjy Halil Ibrahim Izgi tarapyndan dolandyrylýan panelde, Anadoly agentliginiň baş müdiriniň orunbasary we baş redaktor Ýusuf Özhan hem çykyş etdi.

Ýusuf Özhan emeli intellektiň ulanyjylara gysga ýollary üpjün edýän dil modelidigini aýtdy.

Özhan, emeli intellektiň tehnologiki ösüş nukdaýnazaryndan şu wagta çenli görlen iň geň galdyryjy tehnologiýadygyna ünsi çekdi we emeli intellektiň beýleki tehnologiki açyşlara garanyňda has tolgundyryjydygyny aýtdy.

Özhan, emeli intellektiň žurnalistika üçin peýdalary hödürleýändigini aýdyp: "Bu tehnologiýanyň fonuny öwrenenimizde, entek doly gurulmadyk we gaty tejribe derejesinde bir tehnologiýadygyny görýäris" diýdi.

Özhan emeli intellektiň “önüminiň” ulanyjydygyny we kompaniýalaryň hakyky maglumatlary özlerinde saklaýandyklaryny aýdyp: “Bu kompaniýalaryň hemmesi maglumatlaryň hakykatyny içinde saklaýarlar. Dil modelleri millionlarça adamyň ýat kuwwatyndan ýokary bir zady wada berýär; millionlarça adamyň bir minutda ýetip bilmejek zatlaryny berip biler. Şonuň üçin indi dil modelleri bilen işleýäris we bu gaty hezil proses” diýip belledi.

Özhan žurnalistler tarapyndan ulanylýan sanly çeşmelerin üstünde durup geçip: "Häzirki wagtda žurnalistikany täze habar beriş serişdelerine we sanly platformalara sezewar etmezden amala aşyryp bolmaýar. Biz ýedi materikde hereket edýän we müňlerçe žurnalist bilen hemişe aragatnaşyk saklaýan global habar gullugydyrys. Iň möhüm maglumat çeşmesi sanly platforma bolup galýar, emma iň gymmatly çeşmämiz habarçy, tejribeli we hünäri bolan biri" diýdi.

Öwren
Erdogan: Türkiyäni güýçlendirmek Atatürkiň mirasyna hormat goýmak diýmekdir
Atatürkiň Salonikdäki öýi abatlandy
Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar
Erdogan: Owganystan bilen durnuksyz ýaraşyk dowam edýärkä türk wekiliýeti Pakistana sapar gurar
Erdogan ABŞ-nyň F-35 boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini umyt edýär
Türkiye kiber içalylyk bilen bagly geçiren reýdlerinde şübhe astyndaky iki adamy tussag etdi
Erdogan bilen Dibeýbe Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Britaniýanyň Ankaradaky ilçisi: “Türkiýe Siriýanyň galkynyşynda uly rol oýnaýar”
Türkiye Gazadaky ýaraşygyň dowam etdirilmegi barada çagyryş berdi
Türkiye Gazada ýaraşygyň ýol meýilnamasyny maslahatlaşmak üçin Stambulda Hamas bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan Finlýandiýada saparda bolýar
Altaý tanky Türkiýäniň goranyş güýji we global maksatlary üçin täze bir döwri delillendirýär
Türkiye noýabr aýynda Siriýa üstaşyr transport gatnawyny başladar
Türkiýe Gaza esger ugradylmagy meselesinde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyna görä hereket eder
Fidan: Ysraýyl Gazadaky ýaraşygy sabotaž etdi we onuň jogabyny bermeli
Erdogan: Türkiye goranyş taslamalary boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyny tizleşdir
Prezident Erdogan Al-Faşirdäki asuda ilat gyrgynçylygyny ýazgardy
Pakistan bilen Owganystan 6-njy noýabrda Stambulda gepleşikleri dowam etdirerler
Ýylmaz: Türkiye goranmak senagaty boýunça egilşik etmez
Stambulda geçiriljek 9-njy TRT World forumynda dialog we adalat çagyryşy berler