DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistanyň Içeri işler ministri Tähranda saparda boldy
Pakistan Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda töwellaçylyk edýär.
Pakistanyň Içeri işler ministri Tähranda saparda boldy
Pakistanyň Içeri işler ministri Tähranda saparda boldy / Reuters

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri anna güni Pakistanyň Içeri işler ministri Mohsin Nagwiniň, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky söweşiň bes edilmegini maksat edinýän teklipleri gözden geçirmek üçin Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen duşuşandygyny habar berdi.

Eýranyň ýarym resmi “Tasnim” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, duşuşykda Tähran bilen Waşingtonyň arasynda dowam edýän aýlawly gepleşiklerde hödürlenen teklipler seljerildi.

Eýranyň ýarym resmi “ISNA” habarlar gullugy Eýran bilen ABŞ-nyň Pakistan arkaly ýüzlenme bermäge dowam edýändigini habar berdi.

Habara görä, şu hepde ikinji gezek Tährana giden ministr Nagwi, ABŞ-nyň ýüzlenmesini Eýranly resmilere ýetirdi.

Pakistanly çeşmeler, taraplaryň teklipleri seljermeginden soň Pakistanyň Baş ştabynyň başlygy Asim Muniriň Eýrana sapar gurajakdygyny habar berdi.

“Anadoly Habarlar” gullugy tarapyndan berlen habarda 14 maddalyk Eýranyň teklibine görä Tähran, hüjümleriň yzygiderli ýagdaýda bes edilmeginden 30 gün soň kämilleşdirlen uran meselesi bilen arabaglanşykly başga gepleşigiň geçirilmegini isleýär.

Waşington bolsa ýadro meselesiniň parahatçylyk gepleşiklerinden öň çözülmegini talap edýär.

ABŞ bilen Ysraýyl fewral aýynda Eýrana garşy hüjüm başlatdy.

 Tähran bolsa Ysraýyly we ABŞ-nyň Aýlag ýurtlaryndaky harby merkezlerini nyşana almak bilen hüjüme gaýtawul görkezdi we Ormuz bogazyny ýapdy.

Pakistanyň töwellaçylyk etmeginde 8-nji aprelde hüjümler bes edilmegi emma Yslamabatda geçirlen gepleşiklerde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp soň ylalaşygyň möhledini uzaltdy.

 

Öwren
Iordaniýa: Eýranyň ýurduna guraýan hüjümlerini “bilkastlaýyn” hökmünde häsiýetlendirdi
Hindistanda sil sebäpli 17 müň 500 adam ewakuasiýa edildi
Gollandiýada ABŞ-daky we Kanadadaky 86 tonna altynyny Britaniýa getirdi
Gresiýada Günbatar Nil wirusyna ýoluganlaryň sany 290 adama ýetdi
Katar, Müsür we Iordaniýa Eýranyň Arap goňşularyna guraýan hüjümlerini ýazgardy
Ysraýyllylaryň Günbatar Şeriada iki aýry oba guran hüjüminde iki palestinaly ýogaldy
Tramp Eýran bilen urşuň tamamlanandygyny yglan etmegi göz öňünde tutýar
Russiýa Moskwany nyşana alan 37 drony urup düşürendiklerini mälim etdi
Russiýa: Ukrainanyň logistika merkezlerine we harby maksatlar üçin ulanylýan gämilere hüjüm guradyk
ABŞ-nyň Minneapolis şäherinde bolan atyşykda iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýrana guran soňky hüjüminde azyndan 18 adam ýogaldy
Germaniýada demir ýol menziliniň golaýynda partlama boldy
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Müsürde bolan awtobus heläkçiliginde 16 adam ýogaldy
Russiýa: Eýranyň S-300 howa goranyş ulgamy täsirli işleýär
Ganhor Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73 müň 462 adama ýetdi
Siriýanyň Idlib welaýatynda ok-däri ýüklenen ulagyň ýarylmagy sebäpli 2 adam ýogaldy
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar
BAE: Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy
Modi bilen Pezeşkiýan Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy