SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýe aradan çykan gününiň 87-nji ýylynda esaslandyryjy lideri Atatürki hormat bilen hatyralaýar
Türkiýäniň Prezidenti, syýasy partiýalaryň liderleri, ýokary derejeli harby ýolbaşçylar we adalat organlarynyň ýolbaşçylary ýurduň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürki hatyralamak üçin Atatürkiň aramgähine geldi.
Türkiýe aradan çykan gününiň 87-nji ýylynda esaslandyryjy lideri Atatürki hormat bilen hatyralaýar
Türkiýe aradan çykan gününiň 87-nji ýylynda esaslandyryjy lideri Atatürki hormat bilen hatyralaýar / AA
10 Noýabr 2025

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürk, duşenbe güni aradan çykan gününiň 87-nji ýylynda paýtagt Ankarda Atatürkiň aramgähinde uly hormat bilen hatyralandy.

Dabara Prezident R. T. Erdogan, Mejlisiň Başlygy Numan Kurtulmuş, Ministler kabinetiniň agzalary, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary we serkerdeler gatnaşdy.

Prezident Erdogan, Atatürkiň gubyryna Türkiýäniň baýdagynyň reňkindäki ak-gyzyl güllerden ybarat gül dessesisini goýdy.

Ýerli wagt bilen 09.05-de halkara wagt boýunça 06.05-de Atatürkiň aradan çykan sagadynda bir minutlyk hormatly dymyşlyk edildi we döwlet senasy ýerine ýetirildi. Türkiýäniň baýdagy hem şol sagatlarda ýarysyna çenli aşakladyldy.

Atatürkiň aramgähiniň ýörite depderine ýatlama setirlerini ýazan Prezident Erdogan Atatürki we ýarag egindeşlerini hatyralady.

Erdogan depdere “İň uly eseriňiz bolan Türkiýe Respublikasyny çuň ýürekden gorap saklaýarys we ýurdumyzyň ähli taraplaýyn üstünlik gazanmagy üçin arman-ýadaman işleýäris” diýip ýazdy.

Erdogan “Ukyply we ýokary hünärli kadrlaryň ýolbaşçylygynda Türkiýe dünýä derejesinde güýçli döwlet bolmak üçin ynamly ädimler bilen öňe barýar” diýip ýazdy.

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürk 1938-nji ýylyň 10-njy noýbarynda 57 ýaşynda Stambulda aradan çykýar.

Türk halky her ýylyň 10-njy noýabrynda esaslandyryjy liderini uly hormat bilen hatyralaýar.

 

 

 

ÇEŞME:TRT
Öwren
Hamas Gazada basyp alyjylar çekilenden soň ýaraglary taşlamaga taýýardygyny beýan etdi
Erdogan bilen Maduro telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
ABŞ Günorta Koreýa 111,8 million dollarlyk ýarag satar
Tramp Putiniň urşy bes etmek isleýändigini beýan edýär
BMG Ysraýylyň Siriýadan basylyp alnan Golan belentliklerinden çekilmegini talap edýär
Maduro ABŞ bilen çuňlaşýan dartgynlyk şertlerinde “baky wepadarlyk” kasamyny etdi
Papa Leo XIV Stambulda Soltanahmet metjidinde baryp gördi
Papa Leo XIV ilkinji daşary ýurt sapary bilen Türkiýä geldi
Bir mekirlige garaşylýardy, emma Tramp-Mamdani duşuşygy Nýu-Ýorkda ýaranlyk umydyny döretdi
Türkiýe Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär
Serbiýada prezident saýlawynda bosniýaly serp lideriň partiýasynyň dalaşgäri üstün çykdy
G-20-niň liderler sammiti Günorta Afrikada öz işine başlaýar
Prezident Erdogan G-20-niň liderler sammitine gatnaşar
Prezident Erdogan G-20-niň liderler sammitine gatnaşmak üçin Günorta Afrika gitdi
Tramp Russiýa-Ukraina urşuny bes etmek üçin 28 maddadan ybarat meýilnama gol çekdi
ABŞ-nyň Gaza meýilnamasy BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşinde kabul edildi
Prezident Erdogan “Kipri asla ýalnyz goýmarys”diýdi
Dünýä ýurtlary Türkiýä gynanç bildirýär
Stambul halkara “Gazanyň geljegi” sammitine ýer eýeçiligini eder
ABŞ Gaza Halkara howpsuzlyk güýjüniň ornaşdyrylmagy üçin Howpsuzlyk geňeşine teklip hödürledi