Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürk, duşenbe güni aradan çykan gününiň 87-nji ýylynda paýtagt Ankarda Atatürkiň aramgähinde uly hormat bilen hatyralandy.
Dabara Prezident R. T. Erdogan, Mejlisiň Başlygy Numan Kurtulmuş, Ministler kabinetiniň agzalary, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary we serkerdeler gatnaşdy.
Prezident Erdogan, Atatürkiň gubyryna Türkiýäniň baýdagynyň reňkindäki ak-gyzyl güllerden ybarat gül dessesisini goýdy.
Ýerli wagt bilen 09.05-de halkara wagt boýunça 06.05-de Atatürkiň aradan çykan sagadynda bir minutlyk hormatly dymyşlyk edildi we döwlet senasy ýerine ýetirildi. Türkiýäniň baýdagy hem şol sagatlarda ýarysyna çenli aşakladyldy.
Atatürkiň aramgähiniň ýörite depderine ýatlama setirlerini ýazan Prezident Erdogan Atatürki we ýarag egindeşlerini hatyralady.
Erdogan depdere “İň uly eseriňiz bolan Türkiýe Respublikasyny çuň ýürekden gorap saklaýarys we ýurdumyzyň ähli taraplaýyn üstünlik gazanmagy üçin arman-ýadaman işleýäris” diýip ýazdy.
Erdogan “Ukyply we ýokary hünärli kadrlaryň ýolbaşçylygynda Türkiýe dünýä derejesinde güýçli döwlet bolmak üçin ynamly ädimler bilen öňe barýar” diýip ýazdy.
Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürk 1938-nji ýylyň 10-njy noýbarynda 57 ýaşynda Stambulda aradan çykýar.
Türk halky her ýylyň 10-njy noýabrynda esaslandyryjy liderini uly hormat bilen hatyralaýar.














